Sagdyn durmuş ýörelgesi

16 Mart 2021
1307

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen wagyz-nesihat maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda bolan maslahata ýaş türgenler gatnaşdy.

Maslahatda ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän üns, bu ugruň döwrebap derejede ösmegi babatda durmuşa geçirilýän işler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri barada maslahatda aýratyn durlup geçildi. Onuň barşynda ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek, sagdyn iýmitlenmek bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryň berilmegi bu çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Hurma GARAMÄMMEDOWA,
Bäherden etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.