Şanly sene mynasybetli

16 Mart 2021
857

Golaýda Ahal welaýat kitaphanasynda Milli bahar baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Köp sanly okyjylaryň gatnaşmagynda bolan bu duşuşygy welaýat kitaphanasy gurady.

Duşuşykda kitaphana işgärleri çykyş edip, Halkara Nowruz güni bilen sazlaşykly bellenilýän Milli bahar baýramynyň ähmiýeti barada gyzykly söhbet açdylar. Toý gününde berjaý edilýän, ata-baba dowam edip gelýän ajaýyp ýörelgelerdir milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz dogrusynda aýdylanlar has uly gyzyklanma döretdi.

Gülälek SAMMYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri. SURATDA: duşuşykdan pursat. Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.