"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Goşa gymmatlygymyzyň sarpasy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bellenilip geçilmegi guwanjymyza guwanç goşýar. Şu Permanda bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilip geçiljekdigi gadymy halkymyzyň tohum alabaý itleriniňem milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Dogrusyny aýtsak, türkmen halkyny behişdi bedewsiz, tohum alabaý itsiz göz öňüne-de getirmek kyn. Sebäbi, geçmişde ata-babalarymyzyň bedew atlary kowanda ýetip, gaçanda gutulýan uçar ganaty bolan bolsa, alabaý itleri sak goragçysy, wepaly dosty bolup hyzmat edipdirler. Türkmen alabaýynyň baýramynyň barha golaý gelýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly gymmatly eserini ýatlaman bolmaz. Çünki, milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda türkmen alabaý itleri barada gymmatly maglumatlary okyjylaryna ýetirýär. Tohum alabaý itleriniň geçmişde halkymyzyň durmuşynda eýelän orny dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde toýlanylmagy goşa gymmatlygymyza berilýän ýokary bahadyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun

Maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary Ata-eneleriň we çagalaryň aliment tölemek borçlary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi tarapyndan kepillendirilendir. Bu Kodeks 2012-nji ýylyň aprel aýyndan güýje girizildi.

Jebisligiň binýady berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berer. Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Ösüşli döwrüň talaby

Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli menzilleri külterleýär. Türkmen halky hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakalaryny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç almagyna itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde kazyýet edaralarynyň işgärleri ähli tagallalary edýärler. Şunda Garaşsyz döwletimiziň kanunlarynyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adyl kazyýetliligiň hilini döwrüň talabyna laýyk ýokarlandyrmak, onuň açyklygyny we aýanlygyny gazanmak, biz, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň derwaýys wezipeleri bolup durýar. Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işleriň milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygy guwandyrýar.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Abadan ýollar bagta ýetirýär Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ýol-köçelerimiziň abadan bolmagyny gazanmak derwaýys meseleliginde galýar. Biz etrabymyzyň çägindäki dürli derejeli ýollarda we köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmazlygy ugrunda ykjam aladalanýarys. Bu alada maşgalalarymyzyň abadanlygynyň, ömrümiziň rahatlygynyň aladasydyr. Şonuň üçinem bu meselä sürüjilerem, pyýadalaram deň derejede jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Yssy günleriň gelmegi bilen al-ýaşyl öwsüp oturan meýdanlar gurap başlaýar. Bu bolsa sähralarda, tokaýlarda we öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpuny ep-esli derejede artdyrýar. Şonuň üçin ýangyn döremek howpunyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen şu ýylyň maý aýynyň 1-inden noýabr aýynyň 1-ine çenli ýangyn howply möwsüm yglan edildi. Ýangyn howply döwürde ýangynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek hökmandyr: ot ýakmak üçin 15 metr daş-töweregi arassalanan meýdança saýlanylyp alynmalydyr we ody 0,5 metr çuňlukda gazylan çukuryň içinde ýakmaly, ody ulanyp bolanyňdan soň, hökmany suratda söndürmelidir. Ekspedisiýalaryň, guýy gazýan hem bede taýýarlaýan brigadalaryň bolýan ýerleriniň, şeýle hem gara mallar suwa ýakylýan guýularyň 500 metrlik daş-töwereginde her biriniň inliligi azyndan 3,5 — 4 metr bolan iki sany zolak sürülmelidir. Ol zolaklaryň arasy bolsa 30 metr bolup, onuň üstündäki gury otlar ýakylyp aýrylmalydyr.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri: we­zi­pe­ler we borç­lar

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. XX-ХХI asyrlaryň sepgidinde howanyň ählumumy üýtgemegi häzirki zamanyň beýleki ekologiýa meseleleri bilen bir hatarda wajyp mesele bolup durýar. Biziň döwletimizde bu ýagdaýa durnukly ykdysady ösüş we ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde mümkin boljak düýpli päsgelçilik hökmünde garalýar. Häzirki wagtda köp döwletlerde elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy we täze görnüşli elektrik beketleriniň hereket etmegi bilen, atmosfera zyňylýan gazlaryň möçberi artýar. Durnukly ösüş üçin bu babatdaky meseleleriň wajypdygy göz öňünde tutulmak bilen, 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny (HÜTMS) kabul etmek babatda Karar kabul edildi. 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça geçiren sammitinde döwlet Baştutanlary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ösüşiň ählumumy maksatnamasyny kesgitlejek Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) sanawyny öz içine alýan täze Gün tertibi kabul edildi. Durnukly ösüş maksatlary 17 sany bolup, olar 169 wezipäni özünde jemleýär. Halkara de

Türkmen demokratiýasynyň kämillik ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet ähmiýetli syýasy çäreleriň hatarynda paýtagtymyzda dabaraly açylan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi hem bar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilmegi eziz Watanymyzyň taryhynda täze bir ähmiýetli sahypa bolup, döwrebap ösüşleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesiniň we ýörelgeleriniň esasynda kämilleşýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilmegi bilen, döwlet häkimiýetini amala aşyrýan we ýerli döwlet edaralarynda hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynda wekilçilik etjek, halkyň arasynda uly abraýa eýe bolan adamlary öňe çykaryp, il-ýurt ähmiýetli işleri amal etmek üçin zerur bolan binýatlaýyn esaslary berkitmekde täze tapgyra badalga berer. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagy bolsa, täze özgertmeleriň, ösüşleriň gözbaşynda duran, halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan milli Liderimize bolan synmaz ynamyň ykrarnamasy boldy. Geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurtda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara döredildi. Türkmenistanyň Milli Geňeş

Beýik maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döwletimiziň, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkitmek, döwleti dolandyrmagyň demokratik başlangyçlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli başlangyçlary aýratyn orun eýeleýär. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisiniň bolmagy hem bu aýdylýanlaryň üstüni ýetirýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi netijesinde, onuň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi barada kabul edilen taryhy çözgütler gürrüňi edilýän mejlisiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Onuň dowamynda Konstitusiýanyň 78-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek baradaky çözgüdiň beýan edilmegi-de demokratik we adalatlylyk ýörelgelerini berkitmekde uly ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere tü

Baky bagtyýarlygyň şuglasy

Bagtyýar türkmen halky baş şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan günlerinde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli wakalara şaýat bolýar. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi hem dünýä ýaň salan taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Bu waka türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygyny, ulus-ilimiziň öz döwlet Baştutanynyň daşyna mäkäm jebisleşendigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy kuwwatly, abadan, senagat, innowasiýa taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri üstünlikli amala aşyrýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy babatynda uly tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde bu gün berkarar Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi, gözel Diýarymyzda nusgalyk obalardyr şäherçeler döredi, milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny milli tejribämize, halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmekde, hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmakda, milli demokratik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagy ildeşlerimizde çäksiz buýsanç

Bagtyň mesgeni (Oýlanma)

Adam arzuw bilen ýaşaýar, hemişe-de şoňa tarap ymtylýar. Orta mekdepde okaýan wagtymyz mugallymlarymyzdan eşidýän gürrüňlerimizem şu baradady. Olar kalpda kök uran arzuwlaryň ir-u-giç hasyl boljakdygyny ýanjap-ýanjap düşündirerdiler. Şeýdibem, hemmämiziň hyýal deňzine gark bolmagymyza sebäp bolardylar. Şonda özümiň Aşgabadyň giň köçelerinden talyp lybasly ýöräp barýanymy göz öňüme getirerdim. Maňa garaşýan ýatlamalar, täze tanyşlyklar, öwrenmeli-bilmeli zatlarym... bir görseň-ä uzak, bir görseňem ýakynjagymda ýaly görnerdi. Ýüregim şol günlere tarap alňasaýardy. Okuwymy tamamlap, Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmäge gidenimde-de, şol arzuwlar aňymdan çykmady. Gullukdaş oglanlarymyň arasynda ýokary okuw mekdebini tamamlanlary-da bardy. Olaryň paýtagtymyz baradaky gyzykly söhbetlerini lükgeligim bilen diňlärdim. Bir gün özümiňem şu ahwallary başdan geçirjekdigime, kimdir birine şol pursatlar barada süýjedip gürrüň berjekdigime çynym bilen ynanardym.

Ykbal kesgitleýji öz­gert­me­le­r

Ýa­kyn­da biz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­na, mer­jen paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na uly toý-da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň ýe­ne bir ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­sy­na şa­ýat bol­duk. Ba­ha­ryň te­bi­ga­ty öz­ger­di­şi, top­ra­gy jan­lan­dy­ry­şy ýa­ly, bu pas­lyň or­ta gür­pün­dä­ki hoş­tap ho­wa­ly gü­nün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi üs­tü­miz­dä­ki ýu­bi­leý ýy­ly­my­zyň şa­ny­na-şan goş­mak bi­len, il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri­niň yk­ba­ly­nyň öz­ger­me­gi­ne, kal­byn­da şi­ne­län ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly­na go­wuş­ma­gy­na giň ýol aç­dy. Bu mö­hüm sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­rä­niň Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çen­den soň, il­kin­ji sa­par ge­çi­ril­ýän­di­gi onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar.

Döwlet gurluşynyň kämil nusgasy

Bu gün türkmen halkynyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi hem-de ösdürilmegi tutuşlygyna hormatly Prezidentimiziň ady hem-de beýik işleri bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynda öz beýanyny tapan baş maksada — Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyz özüniň taryhy ösüşinde ilkinji gezek iki palataly kanun çykaryjy ulgama gadam basýar. Iki palatanyň agzybirlikde we jebislikde işlemegini üpjün etmekde milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna we ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp gitjekdigine bütin halkymyz bolup berk ynanýarys.

Halk häkimiýetliligi aýdyň ýollarda

Ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion-hukuk we syýasy özgertmeleriň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň konstitusion we milli kanunçylykda kesgitlenilen ygtyýarlyklaryny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, onuň düzüminde komitetler döredildi hem-de olaryň başlyklary we orunbasarlary saýlanyldy.

Merjen şäher Aşgabat!

Arşa galýar bütin dünýäde adyň,Aziýanyň merjen şähri Aşgabat!Üstüňden parlaýyp nurly Gün dogýar,Her günde her saba - säher, Aşgabat! Mundanam has zyýat bolsun geljegiň,Açykdyr myhmana mydam gujagyň,Joşa gelip, dutarymdyr, gyjagym,Düşürmerin hergiz goldan, Aşgabat!

Tugramyzyň bezegi

Türkmen halky asyrlar boýy behişdi bedewlerine aýratyn gadyr-hormat goýup, olary goraglap, kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, gözelligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasy hasaplanylýan bedewlerimiziň çyn muşdagy hem-de hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewiniň şan- -şöhraty belende göterildi. Öz döwründe gözellikde, ýyndamlykda taý tapylmadyk, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekiliniň ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezemeginiň özem behişdi bedewleriň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän belent ornuny başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajakdygynyň güwäsidir. Ahalteke bedewi 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda nusgalyk derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany bolupdy. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan bellenilmegi şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke atlarynyň Ýer ýüzündäki at-owazasyny has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilip

Tarypa mynasyp taryhy döwür

«Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy peşgeş beren beýik mukaddesliklerimizdir». Gahryman Arkadagymyzyň şu paýhasly jümlesindenem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk — türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy. Bagtyýar halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň möhüm wakasyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy 30 ýyllygyna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Elbetde, 30 ýyl taryhy jähetden seredeniňde, uzak möhlet däl. Ýöne ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde geçen menziline ser salanyňda, onuň asyrlara barabar beýik işlere beslenendigine göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde, esasanam, Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler türkmen döwletini ykdysady taýdanam, syýasy we beýleki ugurlardanam dünýäniň iň ygtybarly, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwürdi.

Buýsanjymyz — bedewler

Ýyndamlykda ýel bilen bäs edýän bedewlerimiziň tarypy ähli döwürlerde-de dilden düşmändir. Olary wasp etmedik şahyr, suratkeş, sazanda, megerem, ýok bolsa gerek. Bedewleriň waspy halk döredijiliginiň, ýazyjy-şahyrlaryň çeper eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi «Atym bar — ganatym bar» diýýän halkymyzyň durmuşynda dal bedewlerimiziň uly orun tutýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýer ýüzünde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiz baradaky aladalaryň ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy orunda goýulýandygy, ýurdumyzda seýisçilik sungatynyň kämilleşdirilip, tohum atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, olaryň gadyr-gymmatynyň belende göterilip, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýandygy, milli atçylyk sungatymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, ýylyň-ýylyna Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýändigi her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýän hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda bedewlerimiziň sarpasynyň uludygyny görkezýär.

Mähriban obam (Oýlanma)

Obam! Mähriban obam! Seredip otursam, seni görmänime tas bir ýyldan gowrak wagt geçen eken. Bir ýylam az möhlet däl. Şonuň üçin işden boş günlerimiň birinde çagalary alyp, saňa sary rowana boldum. Ulagymyz uzak ýoly külterläp gidip barýar, gidip barýar. Birdenem seleňläp mähriban obam göründi. Ýüregim jigläp gitdi. Asudaja obam! Hyýalymda ony bagryma basasym geldi. «Sygsaňdyň sen gujagyma, wah, bassamdym bagryma» diýip, aýdyma hiňlenenimi duýman galdym.