Bagtyň mesgeni (Oýlanma)

16 Aprel 2021
793

Adam arzuw bilen ýaşaýar, hemişe-de şoňa tarap ymtylýar. Orta mekdepde okaýan wagtymyz mugallymlarymyzdan eşidýän gürrüňlerimizem şu baradady. Olar kalpda kök uran arzuwlaryň ir-u-giç hasyl boljakdygyny ýanjap-ýanjap düşündirerdiler. Şeýdibem, hemmämiziň hyýal deňzine gark bolmagymyza sebäp bolardylar.

Şonda özümiň Aşgabadyň giň köçelerinden talyp lybasly ýöräp barýanymy göz öňüme getirerdim. Maňa garaşýan ýatlamalar, täze tanyşlyklar, öwrenmeli-bilmeli zatlarym... bir görseň-ä uzak, bir görseňem ýakynjagymda ýaly görnerdi. Ýüregim şol günlere tarap alňasaýardy. Okuwymy tamamlap, Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmäge gidenimde-de, şol arzuwlar aňymdan çykmady. Gullukdaş oglanlarymyň arasynda ýokary okuw mekdebini tamamlanlary-da bardy. Olaryň paýtagtymyz baradaky gyzykly söhbetlerini lükgeligim bilen diňlärdim. Bir gün özümiňem şu ahwallary başdan geçirjekdigime, kimdir birine şol pursatlar barada süýjedip gürrüň berjekdigime çynym bilen ynanardym.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.