Tarypa mynasyp taryhy döwür

14 Aprel 2021
802

«Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy peşgeş beren beýik mukaddesliklerimizdir». Gahryman Arkadagymyzyň şu paýhasly jümlesindenem görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk — türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy. Bagtyýar halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň möhüm wakasyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy 30 ýyllygyna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk görýär.

Elbetde, 30 ýyl taryhy jähetden seredeniňde, uzak möhlet däl. Ýöne ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde geçen menziline ser salanyňda, onuň asyrlara barabar beýik işlere beslenendigine göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde, esasanam, Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler türkmen döwletini ykdysady taýdanam, syýasy we beýleki ugurlardanam dünýäniň iň ygtybarly, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwürdi.

Bibiaýşa SAPAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.