Beýik maksatlar

18 Aprel 2021
796

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döwletimiziň, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkitmek, döwleti dolandyrmagyň demokratik başlangyçlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli başlangyçlary aýratyn orun eýeleýär. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisiniň bolmagy hem bu aýdylýanlaryň üstüni ýetirýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi netijesinde, onuň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi barada kabul edilen taryhy çözgütler gürrüňi edilýän mejlisiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Onuň dowamynda Konstitusiýanyň 78-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek baradaky çözgüdiň beýan edilmegi-de demokratik we adalatlylyk ýörelgelerini berkitmekde uly ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini we işjeň gatnaşýandygyny belläp, Türkmenistanda hil taýdan täze, iki palataly Parlament ulgamyna geçilmeginiň we palatalaryň öňünde durýan wajyp wezipeleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygara laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Maral MYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.