Tugramyzyň bezegi

14 Aprel 2021
761

Türkmen halky asyrlar boýy behişdi bedewlerine aýratyn gadyr-hormat goýup, olary goraglap, kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, gözelligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasy hasaplanylýan bedewlerimiziň çyn muşdagy hem-de hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewiniň şan- -şöhraty belende göterildi. Öz döwründe gözellikde, ýyndamlykda taý tapylmadyk, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekiliniň ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezemeginiň özem behişdi bedewleriň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän belent ornuny başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajakdygynyň güwäsidir. Ahalteke bedewi 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda nusgalyk derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany bolupdy.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan bellenilmegi şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke atlarynyň Ýer ýüzündäki at-owazasyny has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilip geçiler. Goşa baýram mynasybetli dürli çäreler: bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary, sergiler biri--birine ulaşar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat-sarpanyň ýylba-ýyldan belent derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanar.

Näzbibi NAZLYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.