Baky bagtyýarlygyň şuglasy

18 Aprel 2021
743

Bagtyýar türkmen halky baş şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan günlerinde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli wakalara şaýat bolýar. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi hem dünýä ýaň salan taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Bu waka türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygyny, ulus-ilimiziň öz döwlet Baştutanynyň daşyna mäkäm jebisleşendigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy kuwwatly, abadan, senagat, innowasiýa taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri üstünlikli amala aşyrýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy babatynda uly tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde bu gün berkarar Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi, gözel Diýarymyzda nusgalyk obalardyr şäherçeler döredi, milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny milli tejribämize, halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmekde, hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmakda, milli demokratik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagy ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.

Aýnagözel DURDYNAZAROWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.