Döwlet gurluşynyň kämil nusgasy

15 Aprel 2021
781

Bu gün türkmen halkynyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi hem-de ösdürilmegi tutuşlygyna hormatly Prezidentimiziň ady hem-de beýik işleri bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynda öz beýanyny tapan baş maksada — Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyz özüniň taryhy ösüşinde ilkinji gezek iki palataly kanun çykaryjy ulgama gadam basýar. Iki palatanyň agzybirlikde we jebislikde işlemegini üpjün etmekde milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna we ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp gitjekdigine bütin halkymyz bolup berk ynanýarys.

Jennet DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, kazynyň kömekçisi.