Buýsanjymyz — bedewler

14 Aprel 2021
982

Ýyndamlykda ýel bilen bäs edýän bedewlerimiziň tarypy ähli döwürlerde-de dilden düşmändir. Olary wasp etmedik şahyr, suratkeş, sazanda, megerem, ýok bolsa gerek. Bedewleriň waspy halk döredijiliginiň, ýazyjy-şahyrlaryň çeper eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi «Atym bar — ganatym bar» diýýän halkymyzyň durmuşynda dal bedewlerimiziň uly orun tutýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýer ýüzünde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiz baradaky aladalaryň ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy orunda goýulýandygy, ýurdumyzda seýisçilik sungatynyň kämilleşdirilip, tohum atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, olaryň gadyr-gymmatynyň belende göterilip, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýandygy, milli atçylyk sungatymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, ýylyň-ýylyna Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýändigi her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýän hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda bedewlerimiziň sarpasynyň uludygyny görkezýär.

Sähragül NAZAROWA,
welaýat kazyýetiniň kazysy.