"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gök päl­wan

1948-nji ýylyň 5-nji iýulynda Garagum sährasynyň Aşgabat şäherinden 70 kilometr aradaşlykdaky Gysy obasynda çopan Hydyrguly Öweliýewiň we Gurbanjahan enäniň köp çagaly döwletli maşgalasynda saryýagyzja, gögümtil gözlüje oglan bäbejik dünýä inýär. Öweli aga türkmen halkynyň milli ýörelgesine eýerip, agtyjagynyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, bu dünýä aman geldi diýip, Amangeldi diýip at dakýar. Amangeldi doganlary Amandurdy we Amanberdi hem-de alty gyz uýasy bilen çarwa maşgalasynda terbiýelenip, kemala gelýär. Olar Garagum sährasynyň gujagynda ýerleşýän çarwa obasynda çarwaçylygyň ýol-ýörelgesini kemsiz ele alýarlar. Amangeldi ýumruk ýalylygyndan mal yzynda gezip, uzyn boýly, berdaşly we çeýe bedenli ýetginjek bolup ýetişýär. Ol öz deň-duşlary bilen türkmen sährasynyň Hydyr gören çägesiniň üstünde basalaşyp, göreş tutup taplanýar. Öweli aga çagalygyndan çarwaçylygyň daşyndan, türkmen milli göreşi bilen hem meşgullanypdyr. Toýlarda orta çykyp, Garagum sährasynda Öweli pälwan ady bilen adygypdyr. Ol agtygynyň öz kesbini dowam edýändigine begenip, oňa türkmen göreşiniň emelleriniň inçe syrlaryny we ýol-ýörelgelerini birkemsiz öwredýär. Agtygy hem ýaşlygyndan Garagum sährasynyň oýlaryndaky obalarda tutulýan toýlarda orta çykyp başlaýar we göreş meýdanyndan baýraksyz dolanmaýar. Amangeldi eýýäm on ýedi ýaşynda adygyp ugraýar hem-de diňe bir Garagum sährasyndaky däl, eýsem,

Ýyl­lar ýyl­lar­dan zy­ýa­da

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­ýik akyl­dar we şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň hor­mat-sar­pa­sy be­lent de­re­je­le­re gö­te­ri­lip, şi­rin dil­li söz us­sa­dy­my­zyň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni, ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek hem-de giň­den wa­gyz et­mek bi­len bag­ly ta­gal­la­lar bar­ha ro­waç­lan­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan bu ugur­da­ky iş­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi dün­ýä­de be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň şah­sy­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­ler bi­len has-da da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi her bi­ri­mi­ziň kal­by­my­zy jo­şa ge­ti­rip, ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy­nyň paý­has­ly pi­kir­le­ri di­ňe türk­men hal­ky­na däl, tu­tuş adam­za­da hyz­mat et­me­giň nus­ga­lyk mek­de­bi, ýol­gör­ke­zi­ji şam­çy­ra­gy bo­lup dur­ýar.

Bagtyýar dur­mu­şyň gi­re­wi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz­da hal­ka­ra de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ry giň­den ge­çi­ril­ýär. 2023-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi ata Wa­ta­ny­my­zyň sport­da­ky at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di. Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ba­tyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da­» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty be­den­ter­bi­ýe we köp­çü­lik­le­ýin sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ça­ga­lar spor­tu­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş en­dik­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär.

At bilen bagly täsinlikler

Sirk häzirki zaman görnüşinde XVIII asyrda peýda bolupdyr. Angliýaly Filip Astli sirkiň «atasy» hasaplanylýar. Ol tejribe geçirmek arkaly ilkinji bolup, atlaryň erkana çapmagy üçin arenanyň diametriniň töwerek boýunça 13 metr bolmalydygyny kesgitläpdir. Tutuş sirk dünýäsinde arenanyň bu diametri häzir hem berk berjaý edilýär. * * *

Luk­man he­kim ba­ra­da­ky he­ka­ýat­lar­dan

Luk­man he­kim şä­girt­le­ri­ne şeý­le ne­si­hat be­rip­dir: – Nä­sa­gy ýe­ňil be­jer­jek bol­sa­ňyz, onuň ke­se­li ba­ra­da öz­ge­le­re gür­rüň ber­mäň. Nä­sag bi­len ýü­rek­deş gür­le­şiň. Gu­tul­ma­ga umyt we ynam be­riň. Özü­ňi­zi ulum­sy tut­maň. Ga­ryp­lar­dan ak­lyk al­maň. Ze­nan­la­ra uýa­ňyz ýa-da gy­zy­ňyz hök­mün­de se­re­diň – di­ýip­dir.

Sagdynlygyň binýady

Bilşimiz ýaly, bu günki gün türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine doly şaýatlyk edýär. Bu babatda halkyň guwanjyny artdyrýan wakalardyr hoş habarlara ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Ýurdumyzda sportuň ösmegi üçin bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Adam saglygyna peýdasyny nazara alanyňda, sportuň jemgyýet üçin uly gymmatlyk bolup durýandygyna göz ýetirmek mümkindir. Bedenterbiýe we sport watansöýüji, beden hem ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak serişdelerdir. Hut şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bularyň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň sagdyn bedenli, belent ruhly bolmagy baradaky atalyk aladalary durandyr.

Döwrebap öýlerde toýlar tutulýar

Halkara zenanlar güni Türkmenabat şäher häkimliginiň işgärleri we şäheriň ýaşaýjylary üçin goşa baýramçylyga öwrüldi. Şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlup, ulanylmaga tabşyrylan 3 sany dört gatly, 24 öýli jaýda bagtyýar maşgalalaryň 72-si jaý toýlaryny tutdy. Döwrebap täze ýaşaýyş jaýlarynda üç we dört otagly öýleriň açarlaryny ellerine alan bagtyýar maşgalalaryň durmuşlaryndaky şatlyklaryny paýlaşmak üçin şäheriň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Ýaşamak üçin köpsanly amatlylyklar döredilen ýaşaýyş jaýlaryny «Höwesli ugur» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Öýlerde ýaşamak üçin ähli amatlylyklaryň bolmagy öý eýelerini çäksiz begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň halk üçin uly eşretleri getirýändigini öýleriň eýelerini durmuşlaryndaky şanly waka bilen gutlap çykyş edenler aýratyn guwanç bilen bellediler. Gutlaglarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly eşretleriň döredilýändigi, şeýle şanly wakalaryň göwünlere ganat bagladýandygy mynasybetli hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabarada täze öýleriň açarlarynyň eýelerine gowşurylýan pursatlary has-da täsirli boldy. Döwrebap jaýdan öý edine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Zemin lälesi

Zenan — Zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasy. Ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenandyr. Zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşy gözelleşdirýär. Her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşginine beslenmeginde zenanyň mynasyp paýy bar. Ene, zenan ýaşaýşyň nagşydyr. Zenanlaryň Watanymyzy goramakda hem-de däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilmeginde öçmejek yz galdyrandyklaryna şöhratly taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Taryhy rowaýatlar we hekaýatlar söweşjeň, parasatly hökümdar zenanlar barada gürrüň berýär.

Durnukly ykdysady ösüş — abadançylygyň binýady

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde degişli ýolbaşçylar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Şunda hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylygy we işewürlik hyzmatdaşlygyny ilerledip

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Söwda-senagat edarasynda guralan sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Nurana geljegiň bähbidine döwletiň we halkyň bilelikdäki tagallalary

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu

«Akylly» şäheriň gurluşyklary aýratyn üns merkezinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar. * * *

Köp çagaly eneleri hormatlap

8-nji mart ― Halkara zenanlar güni mynasybetli Diýarymyzda giň gerimli çäreler dabaralandyryldy. Olaryň çäklerinde 7-nji martda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert hem Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlandy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu meseleleri döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde enäni we çagany goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň

Şanly ýylyň öňdebaryjy zenanlary

Paýtagtymyzyň «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezindäki «Altyn» toý mekanynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden bu bäsleşigine onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Halkara zenanlar güni mynasybetli indi birnäçe ýyl bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik ýedi ugur boýunça dowam etdi. Onda bellenen ugurlaryň her birinde üstünlik gazanan zenanlar öňe saýlanmagy başardylar. Şeýlelikde, eminleriň gelen netijesine görä, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň müdiri Şemşat Kerimowa mynasyp boldy. «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ady «Jennet tagty» hususy kärhanasynyň direktory Jennet Agaýewa eýeledi. «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň medeniýet bölüminiň medeni merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory Jennetgül Garajaýewa mynasyp görüldi. «Ýylyň mährem zenany» diýen ada eýe bolmak Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy Enar Agaýewanyň paýyna düşdi.

Ýaşlar hakynda alada

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, şeýle-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň oňyn netijelerini berýändigi,  ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüň edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň mynasyp eýeleri bolan bagtyýar ýaşlarymyz barada  uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Buýsanja beslenen çäre

Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň  etrap geňeşi  bilen bilelikde «Maşgala we jemgyýet» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň zenanlary we mährem eneler gatnaşdylar. Çärede zenanlar barada ýurdumyzda edilýän aladalar, aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna hormat goýmak duýgusynda, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Halkymyzyň bagtyýar we röwşen geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri, zenanlara goýýan sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Keçe

Ata-babalarymyz-da senetçilige, dürli hünärlere ökdese ökdedir welin, ene-mamalarymyz hem olardan pes oturmandyrlar. Isle çarwa durmuşy, isle çomry durmuşy bolsun, asyrlaryň dowamynda olar öz el hünärleri bilen haly, palas, kilim ýaly önümleri yzygiderli öndüripdirler. Keçe-de şol önümleriň biri. Türkmen keçeleriniň guzy ýüň keçe, gülli keçe, gülsüz ak keçe we at keçesi, öýlük keçe ýaly birgiden görnüşleri, şeýle-de her sebitiň keçe taýýarlamakda belli bir usullary bolýar. Könelerimiz keçä «ki:z» hem diýer ekenler. Muny biz «Gyrasyny gör-de kizini al, enesini gör-de gyzyny» diýen nakylda görýäris. Däp bolşy ýaly, keçe guzy ýüňünden we saryja goýunlaryň güýz ýüňünden taýýarlanylýar.