Ýyl­lar ýyl­lar­dan zy­ýa­da

8 Mart 2024
518

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­ýik akyl­dar we şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň hor­mat-sar­pa­sy be­lent de­re­je­le­re gö­te­ri­lip, şi­rin dil­li söz us­sa­dy­my­zyň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni, ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek hem-de giň­den wa­gyz et­mek bi­len bag­ly ta­gal­la­lar bar­ha ro­waç­lan­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan bu ugur­da­ky iş­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi dün­ýä­de be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň şah­sy­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­ýar.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­ler bi­len has-da da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi her bi­ri­mi­ziň kal­by­my­zy jo­şa ge­ti­rip, ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy­nyň paý­has­ly pi­kir­le­ri di­ňe türk­men hal­ky­na däl, tu­tuş adam­za­da hyz­mat et­me­giň nus­ga­lyk mek­de­bi, ýol­gör­ke­zi­ji şam­çy­ra­gy bo­lup dur­ýar.

Taň­ry­gu­ly RE­JE­POW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri» yl­my-önüm­çi­lik mü­dir­li­gi­niň teh­ni­ki iş­gä­ri.