Şanly ýylyň öňdebaryjy zenanlary

7 Mart 2024
373

Paýtagtymyzyň «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezindäki «Altyn» toý mekanynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden bu bäsleşigine onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli indi birnäçe ýyl bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik ýedi ugur boýunça dowam etdi. Onda bellenen ugurlaryň her birinde üstünlik gazanan zenanlar öňe saýlanmagy başardylar. Şeýlelikde, eminleriň gelen netijesine görä, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň müdiri Şemşat Kerimowa mynasyp boldy. «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ady «Jennet tagty» hususy kärhanasynyň direktory Jennet Agaýewa eýeledi. «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň medeniýet bölüminiň medeni merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory Jennetgül Garajaýewa mynasyp görüldi. «Ýylyň mährem zenany» diýen ada eýe bolmak Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy Enar Agaýewanyň paýyna düşdi.