Buýsanja beslenen çäre

7 Mart 2024
556

Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň  etrap geňeşi  bilen bilelikde «Maşgala we jemgyýet» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň zenanlary we mährem eneler gatnaşdylar.

Çärede zenanlar barada ýurdumyzda edilýän aladalar, aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna hormat goýmak duýgusynda, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Halkymyzyň bagtyýar we röwşen geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri, zenanlara goýýan sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Amanmämmet Durdyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.