Keçe

6 Mart 2024
319

Ata-babalarymyz-da senetçilige, dürli hünärlere ökdese ökdedir welin, ene-mamalarymyz hem olardan pes oturmandyrlar. Isle çarwa durmuşy, isle çomry durmuşy bolsun, asyrlaryň dowamynda olar öz el hünärleri bilen haly, palas, kilim ýaly önümleri yzygiderli öndüripdirler. Keçe-de şol önümleriň biri.

Türkmen keçeleriniň guzy ýüň keçe, gülli keçe, gülsüz ak keçe we at keçesi, öýlük keçe ýaly birgiden görnüşleri, şeýle-de her sebitiň keçe taýýarlamakda belli bir usullary bolýar. Könelerimiz keçä «ki:z» hem diýer ekenler. Muny biz «Gyrasyny gör-de kizini al, enesini gör-de gyzyny» diýen nakylda görýäris. Däp bolşy ýaly, keçe guzy ýüňünden we saryja goýunlaryň güýz ýüňünden taýýarlanylýar.

Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW.
«Arkadag».