Dünýä ýaýylýan mertebe

18 Iýun 2021
916

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap derejede baýlaşdyrmaga, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, halkymyzyň mirasyny, taryhyny içgin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilen. Döwlet Baştutanymyz halk döredijiligini öwrenip, ony halka ýetirmegi, halkymyzyň medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmagy esasy wezipeleriň hatarynda goýýar. Muňa biz hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki ajaýyp

eserleriniň üsti bilen has aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimiz, sungatymyz baradaky paýhasly jümleleri, dürdäne pikirleri halkymyzyň ruhy dünýäsini, ruhubelentligini galkyndyrýan bahasyz hazynadyr.

Serdar GUZYÇYÝEW,
welaýat teleradio studiýasynyň administratory.