Lukman hekim şägirtlerine şeýle nesihat beripdir:
– Näsagy ýeňil bejerjek bolsaňyz, onuň keseli barada özgelere gürrüň bermäň. Näsag bilen ýürekdeş gürleşiň. Gutulmaga umyt we ynam beriň. Özüňizi ulumsy tutmaň. Garyplardan aklyk almaň. Zenanlara uýaňyz ýa-da gyzyňyz hökmünde serediň – diýipdir.