Köp çagaly eneleri hormatlap

7 Mart 2024
337

8-nji mart ― Halkara zenanlar güni mynasybetli Diýarymyzda giň gerimli çäreler dabaralandyryldy. Olaryň çäklerinde 7-nji martda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert hem Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlandy.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu meseleleri döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde enäni we çagany goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, köp çagaly eneleriň durmuş taýdan goldanylýandygyny we beýlekileri görkezmek bolar.