Durnukly ykdysady ösüş — abadançylygyň binýady

7 Mart 2024
317

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde degişli ýolbaşçylar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Şunda hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.