"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Baky bagtyň şäheri

Gözellik — göwünlere ganat bermek ukybyna eýe bolan gudratly güýç. Bu düşünje döwür, haýsydyr bir ýurduň halkynyň durmuşy bilen baglanyşykly getirilende, onuň ähmiýeti has-da artýar. Şeýlelikde, ol gözelligi şahyr şygyrlarynda wasp etse, bagtyýar pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar gözelligiň goýnunda gülleýän Watanyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler. Çünki islendik eser öz gözbaşyny haýsydyr bir kalba joşgun beriji güýçden alyp gaýdýar. Bize bolsa ilkinji ylham berýän zat — ajaýyp zamanamyz. Bagtyýarlyk döwrümiziň görkanalygyny öz eserlerine siňdirmek bu günki gün ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň baş maksadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň mermer lybasa beslenen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram etmek hakynda aýdanlary-da ildeşlerimizde, şol sanda döredijilik işgärlerinde uly joşgun duýgularyny döretdi. Gözel paýtagtymyzda ajaýyp zamanamyzda günüň-güňüne bolup geçýän şatlykly wakalar, özgerişler bolsa bagtyýarlyk barada islendik uly eseri döretmäge ylhamlanmak üçin ýeterlik. Sebäbi ol wakalar, özgerişlikler halkyň geljeginiň abadanlygynyň buýsançly ykrarnamasy. Ine, şular barada pikir edeniňde, biygtyýar Türkmenistanyň gahrymany şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň:

Şadiwanyň şuglasy

Eziz diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri we bedew batly ösüşler bilen bellenilýär. Şu bagtyýar günlerde hormatly Prezidentimiziň paýhas ummanynyň ajaýyp dürdänesi «Aşgabat» atly täze kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişendigi baradaky hoş habaryň beýan edilmegi ähli ildeşlerimiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze Şadiwany Aşgabadyň taryhy, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.

Meşhur Akhana dowamat geldi

Bahar her ýurda öz gözelligi, ýatdan çykmajak ajaýyplygy bilen gelýär. Ata-babalarymyz togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, bu topragyň dem alşyna, onuň diňe bir daýhanlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň kalbynda özboluşly bir duýgyny emele getirýändigini belleýärler. Bahar, ýaz, gül, gülälek, joşguna berlen gowünler bu günleriň täsirini artdyrýar. Watanymyza toý bolup dolan ýazyň ilkinji günlerinde şatlykly habarlaryň eşidilmegi buýsançly başymyzy göge göterýär. Halkara Nowruz baýramynyň uly joşgun bilen bellenilýän günlerinde, has takygy, şu ýylyň 22-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Köpetdagyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän topluma baran mahaly Gahryman Arkadagymyza özüniň seýisläp ýetişdiren meşhur Akhan atynyň ilkinji taýynyň doglandygyny habar berdiler. Buşluk habary hemmeleriň şatlygyny goşalandyrdy.

Döwrebap kanunçylyk — döwrebap ösüşiň möhüm şerti

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda eden çykyşynda ýurdumyzda ähli ugurlar babatda ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin kanun çykaryjylyk işiniň esasy meseleleri we gaýragoýulmasyz ugurlary barada durup geçdi. 13-nji martda bolsa sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Bular dogrusynda ýurdumyzyň milli parlamentiniň wekilleriniň beren gürrüňlerini dykgatyňyza ýetirýäris. Ýusupguly EŞŞÄÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy:

Ak arzuwlaryň we ösüşleriň nyşany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesi utgaşýar. Toýlary goşadan gelýän halkymyza Milli bahar baýramynda — Nowruz günlerinde milli medeniýetiň kämil nusgasyna, buýsanjyna öwrülen, dünýä belli Akhan atymyzyň nesil dowamaty bolan ilkinji taýçanagynyň buşluk habary eşidildi. Bahar paslynyň älem-jahany nurlandyryp, läle-reýhana besleýän günlerinde, 22-nji martda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Akhandan bolan taýa Aşgabat diýip at goýmagynda hemişe ýagşy niýeti döwletlilik saýýan halkymyzyň göwün guwanjy, maksat-myrady, arzuw-hyýaly, geljekki günlere ynamyň özboluşly dabaralanmasy şöhlelenýär. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «At münen döwletli bolar» diýýän halkymyzyň bedew atlaryna garaýşy üýtgeşikdir. Ajaýyp behişdi bedewler Garaşsyz Türkmenistanyň buýsanjy hem döwletlilik nyşany saýylýar. Ahalteke bedewiniň şekili ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýär. Bu gün milli medeniýetimiziň gymmatlygy bolan bedewlerimiz ýurdumyzyň ösüşleriniň we dostana gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanydyr. Milli ösüşlerimiziň, täze özgertmeleriň, rowaçlyklaryň ýene bir nyşany bolsa, eziz Watanymyzyň ýüregi, beýik ösüşleriň çyragy bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheridir.

Aşgabady ösdürmegiň hukuk esaslary

Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip, onuň hukuk derejesi berkidilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüş ýoluna düşdi, ýurdumyzyň baş şäheri ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basdy. Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Onuň birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz her ýylda döwürleýin amala aşyrylýan birnäçe, has anygy, «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde seýilgähleri döwrebaplaşdyryp gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, çagalar baglaryny we umumy bilim berýän orta mekdepleri we beýleki bilim edaralaryny gurmak hakynda» Kararlara gol çekýär.

Ynsanperwerlige esaslanyp

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň nobatdaky başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda parahatçylyga ýugrulan gatnaşyklary ösdürýär we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Garaşsyzlygyň miwesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden rowaçlanmasydyr. Türkmen halkyny döwletlilige, sowulmaz döwrana, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlyk türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesidir. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy taryhy waka boldy we ol ýurduň ösüşine kuwwatly badalga berdi. Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşy düýpgöter üýtgedi we bagtyýarlyga beslendi. Ine, şu nukdaýnazardan alanymyzda, Garaşsyzlygymyz mukaddesdir. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda Watan goragçylaryna şeýle ündeýär: «Asudalygyň goragçysy! Sen gaýrat bilen ömrüni bezän merdanalaryň neslisiň. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny goramak seniň gursagyňa borç bolup guýlan iň arzyly kesbiňdir. Eziz diýarymyzyň asuda durmuşy seniň bilimiň, yhlasyň, gaýratyň, merdana pederlere goýýan sarpaň bilen gazanylandyr». Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz diýarymyzy beýik ösüşlere besläp, parahatçylykda, asudalykda we bagtyýar halkymyzyň agzybirliginde nurana geljege a

Watanyň merdana goragçylary

Il-gününe asudalyk bagş eder, Watanperwerligi köňle nagş eder,Gullugyny yhlas bilen berkider,Watanyň merdana goragçylary. Berkarar ýurdumyň gadamy batly,Garaşsyzlygmyzyň miwesi datly,Ýörediň Arkadag ýolun şöhratly,Watanyň merdana goragçylary.

Buýsançly goşgy

Geçen ýyllar rysgal-döwlet getirdi,Nama ýazýan gözel döwre seslenip.Arkadagym bilen eziz Diýarym,Öňe barýar ösüşlere beslenip. Akýar ozal akan ýerinden aryk,Dolandy döwranlar türkmene laýyk.Gelýär ýyllar bir-birinden ajaýyp,Öňe barýas ösüşlere beslenip.

Topragym

Gitsem senden biraz wagtlyk uzaga,Mähriň meni çeker durar, topragym.Sen şeýle mähriban, ýakyn ýüregme,Ýüregim Sen diýip urýar, topragym. Göze görünmeýän jady bar sende,Eçilýän hasylyň dady bar sende,Köňlümiň tükenmez şady bar sende,Bu kalbyma ylham beren topragym.

Eziz Watan ösüşlere beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly ösüşler bilen türkmen halkyny buýsanja besleýär. Beýik ösüşleriň ýoly bilen nurana geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy ýurdumyzda alnyp barylýan köpsanly gurluşyklaryň mysalynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli amatlyklary we oňaýly şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýagny oba ýerlerinde-de giň gerimde gurulýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn ösdürilýändigini, özi hem sanly ulgama geçilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Köňülleriň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy — türkmen halkymyz üçin görelde mekdebi. Sportda, sungatda, döredijilik dünýäsinde hormatly Prezidentimiziň görkezýän asylly hereketleri, ýazýan eserleri halkymyzyň dilleriniň senasyna öwrülýär. Türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Halkara Nowruz gününde ýurt Baştutanymyzyň türkmen bedewleri bilen didarlaşyp, täze doglan taýçanajygyň buşluk habaryny uly ruhubelentlik bilen kabul etmeginiň özi hem örän tolgundyryjy ýagdaýdyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň seýislän Akhan atly bedewiniň ilkinji taýçanajygyna mähriban käbesiniň taýýarlan alajasyny daňdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen seýisleriniň, atşynaslarynyň çekýän asylly zähmetini hemişe üns merkezinde saklaýar we olara ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

«Akylly» şäher — ösen tehnologiýalaryň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda milli we döwrebap binagärlik usullarynyň giňişleýin peýdalanylmagy bu ugurda ylmyň ösüşinden habar berýär. Şonuň üçin gurulýan her bir desganyň we binanyň özboluşly aýratynlygy hem-de milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykly äheňleri içgin duýulýar. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman binagärlerini ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty Akjagül Köçäýewa bilen binagärlik işiniň aýratynlyklary, bu babatda şu günüň ýörelgeleri barada söhbetdeşligi taýýarladyk. — Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary, taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz gurulýan ajaýyp binalar babatda dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagtyndaky mermer binalar sözüň doly manysynda Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäheridigine doly şaýatlyk edýär.

Ar­ka­dag­ly ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat

Be­dew bat­ly ösüş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şöh­rat­ly 30 ýyl­lyk hem-de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­lyk baý­ra­my­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu şan­ly se­ne­le­re ga­bat­la­nyp, şu ýyl­da ýur­du­myz bo­ýun­ça 30 sa­ny iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mer­mer paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­le­ri­mi­ziň gö­zel­li­gi­ni has-da art­dy­rar. Täze taryhy eýýamda mermer paýtagtymyz, gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Onsoň milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, ata Watanymyz Türkmenistanyň mermer paýtagtynyň — aşyklar şäheri gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna buýsanjyň goşalanýar.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr

Halkara derejeli sport merkezi Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Tohumyňyz müňlesin, edermen babadaýhanlar!

Welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň uly buýsanç hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy alan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly çärelerinden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaz ekişine girişmäge beren ak patasy bilen täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýokary guramaçylykly ýagdaýda, işjeňlik bilen başladylar. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçiren maslahatyna welaýatymyzyň etraplarynyň häkimleri, obasenagat toplumynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk pudagyna dahylly hünärmenler, öňdebaryjy kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hususy önüm öndürijiler, daýhan hojalyklarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, dilleri senaly kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzda obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini düýpli artdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýändigini belläp, öňde duran belent

Belent bolsun bat, Aşgabat!

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çuň mazmunly dabaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy senelerini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan günlerinde hormatly Prezidentimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habarynyň ýurdumyza dolmagy agzybir halkymyzyň toý şatlygyny artdyrdy. Halkymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, üstünlikli alyp baran tohumçylyk-seçgi işleriniň guwandyryjy miwesi bolup, pederlerimiziň ruhy siňen keramatly türkmen topragynyň bezegine öwrülen hem-de sungat derejesine ýetirilen ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belent derejelere göterildi. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk sungaty hil taýdan baýlaşyp, bu pudakda uly özgerişler bolup geçdi. Şol özgerişleriň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewleriniň beden taýdan ajaýyp tebigy gözelliklerini saklap galmakda, kämil

Milli demokratiýa daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli, taryhy waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklary ösdürilýär. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredildi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikli saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi, döwrüň talabyna laýyk amala aşyrylýar.