Garaşsyzlygyň miwesi

25 Mart 2021
932

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden rowaçlanmasydyr. Türkmen halkyny döwletlilige, sowulmaz döwrana, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlyk türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesidir. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy taryhy waka boldy we ol ýurduň ösüşine kuwwatly badalga berdi. Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşy düýpgöter üýtgedi we bagtyýarlyga beslendi. Ine, şu nukdaýnazardan alanymyzda, Garaşsyzlygymyz mukaddesdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda Watan goragçylaryna şeýle ündeýär: «Asudalygyň goragçysy! Sen gaýrat bilen ömrüni bezän merdanalaryň neslisiň. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny goramak seniň gursagyňa borç bolup guýlan iň arzyly kesbiňdir. Eziz diýarymyzyň asuda durmuşy seniň bilimiň, yhlasyň, gaýratyň, merdana pederlere goýýan sarpaň bilen gazanylandyr». Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz diýarymyzy beýik ösüşlere besläp, parahatçylykda, asudalykda we bagtyýar halkymyzyň agzybirliginde nurana geljege alyp barýar.

Babajan AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.