Şadiwanyň şuglasy

25 Mart 2021
870

Eziz diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri we bedew batly ösüşler bilen bellenilýär. Şu bagtyýar günlerde hormatly Prezidentimiziň paýhas ummanynyň ajaýyp dürdänesi «Aşgabat» atly täze kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişendigi baradaky hoş habaryň beýan edilmegi ähli ildeşlerimiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze Şadiwany Aşgabadyň taryhy, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.

Aýnagözel DURDYNAZAROWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.