Aşgabady ösdürmegiň hukuk esaslary

25 Mart 2021
706

Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip, onuň hukuk derejesi berkidilendir.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüş ýoluna düşdi, ýurdumyzyň baş şäheri ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basdy. Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Onuň birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz her ýylda döwürleýin amala aşyrylýan birnäçe, has anygy, «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde seýilgähleri döwrebaplaşdyryp gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, çagalar baglaryny we umumy bilim berýän orta mekdepleri we beýleki bilim edaralaryny gurmak hakynda» Kararlara gol çekýär.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.