«Akylly» şäher — ösen tehnologiýalaryň şäheri

25 Mart 2021
664

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda milli we döwrebap binagärlik usullarynyň giňişleýin peýdalanylmagy bu ugurda ylmyň ösüşinden habar berýär. Şonuň üçin gurulýan her bir desganyň we binanyň özboluşly aýratynlygy hem-de milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykly äheňleri içgin duýulýar. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman binagärlerini ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty Akjagül Köçäýewa bilen binagärlik işiniň aýratynlyklary, bu babatda şu günüň ýörelgeleri barada söhbetdeşligi taýýarladyk.

— Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary, taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz gurulýan ajaýyp binalar babatda dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagtyndaky mermer binalar sözüň doly manysynda Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäheridigine doly şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligi taýýarlan Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
«Mugallymlar gazeti».