Ynsanperwerlige esaslanyp

25 Mart 2021
891

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň nobatdaky başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda parahatçylyga ýugrulan gatnaşyklary ösdürýär we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Annamuhammet NURYÝEW,
Mary welaýat kazyýetiniň başlygy.