Topragym

25 Mart 2021
746

Gitsem senden biraz wagtlyk uzaga,
Mähriň meni çeker durar, topragym.
Sen şeýle mähriban, ýakyn ýüregme,
Ýüregim Sen diýip urýar, topragym.

Göze görünmeýän jady bar sende,
Eçilýän hasylyň dady bar sende,
Köňlümiň tükenmez şady bar sende,
Bu kalbyma ylham beren topragym.

Merdan ABDYLLAÝEW,
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärler bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň kapitany.