Ak arzuwlaryň we ösüşleriň nyşany

25 Mart 2021
768

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesi utgaşýar. Toýlary goşadan gelýän halkymyza Milli bahar baýramynda — Nowruz günlerinde milli medeniýetiň kämil nusgasyna, buýsanjyna öwrülen, dünýä belli Akhan atymyzyň nesil dowamaty bolan ilkinji taýçanagynyň buşluk habary eşidildi. Bahar paslynyň älem-jahany nurlandyryp, läle-reýhana besleýän günlerinde, 22-nji martda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Akhandan bolan taýa Aşgabat diýip at goýmagynda hemişe ýagşy niýeti döwletlilik saýýan halkymyzyň göwün guwanjy, maksat-myrady, arzuw-hyýaly, geljekki günlere ynamyň özboluşly dabaralanmasy şöhlelenýär.

«At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «At münen döwletli bolar» diýýän halkymyzyň bedew atlaryna garaýşy üýtgeşikdir. Ajaýyp behişdi bedewler Garaşsyz Türkmenistanyň buýsanjy hem döwletlilik nyşany saýylýar. Ahalteke bedewiniň şekili ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýär. Bu gün milli medeniýetimiziň gymmatlygy bolan bedewlerimiz ýurdumyzyň ösüşleriniň we dostana gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanydyr. Milli ösüşlerimiziň, täze özgertmeleriň, rowaçlyklaryň ýene bir nyşany bolsa, eziz Watanymyzyň ýüregi, beýik ösüşleriň çyragy bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheridir.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».