"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiýasynda galyndy boşlugynyň antiparazitar işlenilmegi

Bagryň ehinokokkozy parazitar keseliň endemiki ojaklaryna degişli ýurtlarda möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Operatiw bejergiden soň, keseliň gaýtalanmagy 22,3-31,3% aralykda ýüze çykýar. Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisinde kistanyň fibroz kapsulasynyň meselesi kesgitlenilmedik jedelli soragylaryň biri bolup durýar [3, 8, 10-12]. Ylmy maglumatlarda ehinokokkyň ösüşiniň giçki döwürlerinde fibroz kapsulanyň gurluş düzüminiň üýtgemegi hem-de onuň tohum düwünçekleri üçin öz böwet häsiýetini ýitirýänligi bellenilýär. Bu nukdaýnazardan käbir hirurg-gepatologlar tarapyndan operasiýanyň radikal häsiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, fibroz kapsulanyň kesilip aýrylmagy esaslandyrylýar. Ýöne kistanyň diwarynyň bagryň magistral gan damar-öt ýollaryna ýakyn ýerleşen halatynda fibroz kapsulany total ýa-da subtotal aýrylmagyny ýerine ýetirmek mümkinçiligi düýpli çäklenýär. Köplenç, ehinokokkektomiýa interoperasion döwürde kistanyň diwaryny açmak, onuň hitin bardasyny we skolekslary aýyrmak bilen ýerine ýetirilýär [3, 10-12].

Diş-äň anomaliýaly çagalarda agyz boşlugynyň ýagdaýyna kliniki baha bermek

Diş-äň anomaliýalar (DÄA) häzirki zaman çagalar stomatologiýasynyň iň bir çylşyrymly meselesi bolup, BSGG -nyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna girýär [5]. Ylmy barlaglar ortodontiýa bilen parodontologiýanyň arasynda göni baglanyşygyň barlygyny görkezýär [3, 4, 8-11]. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtly alymlaryň ylmy işlerinde bellenilişi ýaly 38-50% ýagdaýda DÄA bolan çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) alamatlarynyň bejergiden öň hem ýüze çykarylandygyny belleýärler [1, 6-8, 10-12]. Öz gezeginde ÜKG-iň irki döwürlerinde ýüze çykarylmagy we parodontal dokumanyň sagdynlygyny gazanmak täsirli ortodontiki bejerginiň netijeliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýär [2, 9, 11]. Şeýle hem çagalarda ÜKG-iň patogeneziniň aýratynlygyny gaýnaglama hadysanyň ösüp barýan, funksional we morfologiki taýdan kemala gelmedik ýaş parodont dokumada döremegi, ujypsyz zeperleýji faktorlara duýgurlygynyň ýokary bolmagy bilen baglaşyklydygyny bellemek gerekdir [6, 9, 12]. Işiň maksady – diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwiti irki döwründe anyklamak üçin agyz boşlugynyň arassaçylyk barlagynyň netijelerine, parodontal görkezijilerine kliniki baha bermek.

Arassaçylyk we onuň esasy düzgünleri

Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky düşünjedir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. Ýiti respirator keselleri howa-damja ýollary bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen hem meşgullanmalydyr.

Türkmen selmeleginiň ýapraklarynyň jöwheriniň antibakterial täsirini kesgitlemek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda raýatlary we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek hemişe iň möhüm wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde amaly lukmançylykda Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri düýpli öwrenmek, olaryň çig mallaryndan täze derman serişdelerini taýýarlamak we rejeli peýdalanmak meselelerine düýpli seredilýär. Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, türkmen selmeleginiň ýapraklaryndan taýýarlanan jöwheri bilen mikrobiologiki barlaglar geçirildi [3, 6]. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki neşirleriniň III jiltinde türkmen selmeleginiň (lat: mandragora turcomanica) biologiki häsiýetnamasy hemmetaraplaýyn beýan edilen. Türkmen selmelegi itüzümler maşgalasynyň, selmelekler urugynyň, boýy 20-40 sm ýetýän, ýapraklary rozetka görnüşinde, aşaky ýapraklarynyň uzynlygy 80 sm ýetýän, ýokarky ýapraklary gysgarak, olaryň diametri 160 sm ýetýän, baldaksyz, köpýyllyk ösümlikdir. Mandragora wajyp häsiýetleri özünde jemleýär: köpýyllylyk, sowuga çydamlylyk we dowamly wegetasion döwrüniň bolmagy. Şonuň üçin mandragorany seleksion iş üçin ulanýarlar. Ösümlik deňiz beýikliginden 800-1200 m-de, palçykly, daşly, günorta dag etekler

Il saglygy — ýurt baýlygy

Keselleriň öňüni almak ugrunda Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň mejlisler jaýynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda «Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň netijelidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny raýatlara tapgyrlaýyn geçirmek barada guralan wagyz-nesihat çäresine welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Süýjüli diabetiň 2-nji tipiniň utgaşmagynda ýüregiň işemiýa keselini bejermekde emel usullarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, häzirki zaman lukmançylyk şertleri döredilen hassahanalar, şypahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär [1]. Bütin dünýäde ilatyň ölümçiliginiň esasy sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolmagynda galýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, bu keselden ölümçilik ähli ölümçiligiň, takmynan, 25%-ni tutýar [2].

Halk bähbitli beýik işler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde N.F.Gamalei adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy we degişli şahadatnamany berdi.

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin

Keseliň aglabasy agyz boşlugy, dişler bilen bagly bolup durýar. Haçan-da dişlere kadaly ideg edilende, hem-ä olar sagdyn, owadan bolarlar, hem-de birnäçe ýokanç kesellerden goranyp bileris. Elbetde, dişlerimize kadaly ideg etmek öz elimizde bolup, onuň üznüksiz bolmagyny gazanmak gerek. Dişleri agşam ýatmazdan ozal, hökman arassalap ýatmaly. Diş ýuwlandan soň hiç zat iýmeli däl. Sebäbi gije dişde galan iýmit bölekleri çüýräp biler. Irden bolsa, ilki agzyňy suw bilen çaýkap, ertirlikden soňra diş ýuwulsa, has peýdaly bolar. Çünki şeýtmek bilen biz dişleriň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýrarys. Dişler ýuwlanda, çotkany aşaky dişlerde aşakdan ýokary, ýokarky dişlerde ýokardan aşak hereketlendirmeli. Azy dişleri gapdallary, üstleri bilen ýuwmaly. Ýörite serişde bilen dişasty etleri hem ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl.

Saglygyň we sagdynlygyň gymmaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde uly işler döwlet derejesinde guraldy. Bu uly göwrümli, yzygiderli amala aşyrylýan işleriň netijesinde, tapgyrlaýyn öňüni alyş sanjymlaryň netijesinde birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi we bu babatda abraýly halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri ykrar edýän şahadatnamalar gowşuryldy. Olar bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň esasy sebäpleri bolan ýaramaz endiklere, nädogry iýmitlenmäge, hereketsizlik ýagdaýlaryň garşysyna netijeli işler edilip, fiziki işjeňligi gazanmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu işleri ýokary derejede guramagy we özüniň şahsy görelde bolmagy netijesinde gazanylan sepgitlere hem abraýly halkara guramalary tarapyndan uly baha berilýär.

Luk­man­la­r mas­la­hat­ berýär

— Saglygyňy berkitmek we möw­süm­leýin ýi­ti ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin şu aşak­da­ky ka­da­la­ry ber­jaý et­mek mas­la­hat beril­ýär­. — Jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­ma­ly we howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ly.

Saglyk — başymyzyň täji

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen welaýatymyzda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda geçirilýän şeýle düşündiriş işlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň işgärleri hem işjeň goşulýarlar. Olar wagyz-nesihat toparynyň düzüminde bolmak bilen, zähmet toparlarda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmakda uly tagalla edýärler. Welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem täsirli boldy. Onda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakynda gürrüň berdiler. Nygtalyşy ýaly, welaýatymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralaryň ençemesiniň hereket etmegi we olarda ilata ýokary derejeli hyzmatlaryň amala aşyrmagy ata Watanymyzda ynsan saglygy hakdaky aladanyň subutnamasydyr.

Gök önümleriň saglyga peýdasy

Saçaklarymyzyň ýaraşygy bolan gök önümler saglyga ýardam berýär. Kädini ýürek-damar, böwrek, bagyr kesellerinde, iýmit siňmesi kynlaşanda, gan basyşy ýokarlananda iýmek örän peýdalydyr. Onuň endamy sowadyjy, suwlandyryjy, buşukdyryjy, içegäni ýumşadyjy, gyzgyny gaýtaryjy täsirleri bardyr. Ol et bilen iýlende çalt siňýär. Nohut, noýba bilen iýlende üsgülewükde haýry köp. Ini gyzdyrýanlar bolsa ony nar şerbedi, üzüm bilen iýse peýdaly. Süýjübaşda, ýanykda, synalaryň biri sowuk alanda ony çigligine ýapmaly.

Saglygyň sargydy

Lukmançylykda, adamlaryň arasynda-da düşünmeli we çözmeli zadyň biri hem keseliň haýsy ulgama, ýagny hirurgiýa ýa-da terapiýa degişlidigidir. Bu öran wajyp bolup, ol näsagyň keseliniň döreýşine, geçişine we bejergisine gönüden-göni täsir edýär. Meselem, terapiýa degişli keselleriň köpüsi adamyň durmuşda özüni alyp barşyndan gözbaş alyp, bejergisinde-de köp zatlary şahsyň ruhy we içki agzalarynyň işleýşine bagly bolup, näsagyň sagalmagyna göni täsiri bar. Bu kesellerde lukmanyň hereketi ikinji ýerde durýar diýsek ýalňyşmasak gerek. Terapiýa kesellerinde wagt näsag üçin işläp, onuň sagalmagyna esas bolup hyzmat edýär, köp halatlarda öý şertlerinde bejerip bolýar. Hirurgiýa kesellerinde onuň tersine, köplenç adamyň ösüşinde näsazlygyň barlygyny görkezip, lukmanyň hünär başarjaňlygyna we wagta bagly bolup, gyssanmaç dogry hereketi talap edýär. Adamlarda uly bolsun, kiçi bolsun iç agyry köp duşýar. Ol ýönekeý zatdan başlap, gaty agyr geçýän kesellerde duşýar. Käbir adamlar agyry ýüze çykanda biperwaýlyk edip, agyry aýyrýan derman içýärler. Bular ýaly gylyk gaty ýalňyş bolup, soňy gaýra üzülmä getirmegi mümkin. Eger agyry çalt geçýän bolsa, onda onuň sebäbini biljek bolmaly, eger agyry ýarym sagatdan geçmese, onuň üstesine güýçlense, onda hökman lukmanyň maslahatyny almaly. Durmuşda araçäk ýagdaýlar hem köp düş gelinýär, onda meseläni lukman çözse laýyk bolar.

Lukman maslahat berýär

— Daşary çykylanda hökman agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. — Otaglaryňyzda yzygiderli çygly arassaçylyk işlerini geçirip duruň! Gündelik ulanýan zatlaryňyzyň arassalygyna üns beriň!

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Wagyz-ündew çäresi

Howadaky tozan bölejikleriniň zyýanly täsirleriniň hem-de dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri TMÝG-niň Gumdag şäher geňeşiniň guramagynda şäher medeniýet bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen geçirilen çärede edara-kärhanalarda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidigi, köpçülik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamalydygy, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmalydygy ündeldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlaryň, melhem çaýlaryň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylyk — sagdynlygyň özeni

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Saglygy goraýyş ulgamynda uly sepgitlere ýetildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygynyň tagallasyny edip, aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlandyryldy. Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda, çagalaryň hem ukudan we işdäsiniň açylmagyna günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, ýörite meýdançalarda ýa-da howluda dürli oýunlary oýnamak, ýüpde towusmak, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek, woleýbol, futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek bilen meşgullanmak aýratyn möhümdir.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni alyş çäreleri

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde möwsümleýin keselleriň öňüni alyş çäreleri ýokary netije berýär. Ýiti respirator keseli wirus arkaly ýüze çykýar. Keseliň öňüni almak üçin häzirki möwsümde köpçüligiň üýşen ýerlerine barmakdan saklanmak, adamlar bilen howpsuz 2 metr aralygy saklamak, agyzburun örtüklerini dakynmak, elleri ýygyýygydan sabynlap ýuwmak zerurdyr.