Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin

17 Fewral 2021
1501

Keseliň aglabasy agyz boşlugy, dişler bilen bagly bolup durýar. Haçan-da dişlere kadaly ideg edilende, hem-ä olar sagdyn, owadan bolarlar, hem-de birnäçe ýokanç kesellerden goranyp bileris.

Elbetde, dişlerimize kadaly ideg etmek öz elimizde bolup, onuň üznüksiz bolmagyny gazanmak gerek. Dişleri agşam ýatmazdan ozal, hökman arassalap ýatmaly. Diş ýuwlandan soň hiç zat iýmeli däl. Sebäbi gije dişde galan iýmit bölekleri çüýräp biler. Irden bolsa, ilki agzyňy suw bilen çaýkap, ertirlikden soňra diş ýuwulsa, has peýdaly bolar. Çünki şeýtmek bilen biz dişleriň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýrarys. Dişler ýuwlanda, çotkany aşaky dişlerde aşakdan ýokary, ýokarky dişlerde ýokardan aşak hereketlendirmeli. Azy dişleri gapdallary, üstleri bilen ýuwmaly. Ýörite serişde bilen dişasty etleri hem ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl.

Nigara NURULLAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň lukmany.