Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiýasynda galyndy boşlugynyň antiparazitar işlenilmegi

17 Fewral 2021
1260

Bagryň ehinokokkozy parazitar keseliň endemiki ojaklaryna degişli ýurtlarda möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Operatiw bejergiden soň, keseliň gaýtalanmagy 22,3-31,3% aralykda ýüze çykýar. Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisinde kistanyň fibroz kapsulasynyň meselesi kesgitlenilmedik jedelli soragylaryň biri bolup durýar [3, 8, 10-12].

Ylmy maglumatlarda ehinokokkyň ösüşiniň giçki döwürlerinde fibroz kapsulanyň gurluş düzüminiň üýtgemegi hem-de onuň tohum düwünçekleri üçin öz böwet häsiýetini ýitirýänligi bellenilýär. Bu nukdaýnazardan käbir hirurg-gepatologlar tarapyndan operasiýanyň radikal häsiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, fibroz kapsulanyň kesilip aýrylmagy esaslandyrylýar. Ýöne kistanyň diwarynyň bagryň magistral gan damar-öt ýollaryna ýakyn ýerleşen halatynda fibroz kapsulany total ýa-da subtotal aýrylmagyny ýerine ýetirmek mümkinçiligi düýpli çäklenýär. Köplenç, ehinokokkektomiýa interoperasion döwürde kistanyň diwaryny açmak, onuň hitin bardasyny we skolekslary aýyrmak bilen ýerine ýetirilýär [3, 10-12].

Nazar GARRYÝEW, Aman GELDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW, Muhammet NURNAZAROW
S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi, Halkara okuw-ylmy merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasy