Saglyk — başymyzyň täji

16 Fewral 2021
847

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen welaýatymyzda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda geçirilýän şeýle düşündiriş işlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň işgärleri hem işjeň goşulýarlar. Olar wagyz-nesihat toparynyň düzüminde bolmak bilen, zähmet toparlarda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmakda uly tagalla edýärler.

Welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem täsirli boldy. Onda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakynda gürrüň berdiler. Nygtalyşy ýaly, welaýatymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralaryň ençemesiniň hereket etmegi we olarda ilata ýokary derejeli hyzmatlaryň amala aşyrmagy ata Watanymyzda ynsan saglygy hakdaky aladanyň subutnamasydyr.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.