Diş-äň anomaliýaly çagalarda agyz boşlugynyň ýagdaýyna kliniki baha bermek

17 Fewral 2021
1339

Diş-äň anomaliýalar (DÄA) häzirki zaman çagalar stomatologiýasynyň iň bir çylşyrymly meselesi bolup, BSGG -nyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna girýär [5]. Ylmy barlaglar ortodontiýa bilen parodontologiýanyň arasynda göni baglanyşygyň barlygyny görkezýär [3, 4, 8-11]. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtly alymlaryň ylmy işlerinde bellenilişi ýaly 38-50% ýagdaýda DÄA bolan çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) alamatlarynyň bejergiden öň hem ýüze çykarylandygyny belleýärler [1, 6-8, 10-12]. Öz gezeginde ÜKG-iň irki döwürlerinde ýüze çykarylmagy we parodontal dokumanyň sagdynlygyny gazanmak täsirli ortodontiki bejerginiň netijeliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýär [2, 9, 11]. Şeýle hem çagalarda ÜKG-iň patogeneziniň aýratynlygyny gaýnaglama hadysanyň ösüp barýan, funksional we morfologiki taýdan kemala gelmedik ýaş parodont dokumada döremegi, ujypsyz zeperleýji faktorlara duýgurlygynyň ýokary bolmagy bilen baglaşyklydygyny bellemek gerekdir [6, 9, 12].

Işiň maksady – diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwiti irki döwründe anyklamak üçin agyz boşlugynyň arassaçylyk barlagynyň netijelerine, parodontal görkezijilerine kliniki baha bermek.

Berdimyrat AMANOW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň çaga stomatologiýasy kafedrasy