Gök önümleriň saglyga peýdasy

16 Fewral 2021
884

Saçaklarymyzyň ýaraşygy bolan gök önümler saglyga ýardam berýär.

Kädini ýürek-damar, böwrek, bagyr kesellerinde, iýmit siňmesi kynlaşanda, gan basyşy ýokarlananda iýmek örän peýdalydyr. Onuň endamy sowadyjy, suwlandyryjy, buşukdyryjy, içegäni ýumşadyjy, gyzgyny gaýtaryjy täsirleri bardyr. Ol et bilen iýlende çalt siňýär. Nohut, noýba bilen iýlende üsgülewükde haýry köp. Ini gyzdyrýanlar bolsa ony nar şerbedi, üzüm bilen iýse peýdaly. Süýjübaşda, ýanykda, synalaryň biri sowuk alanda ony çigligine ýapmaly.

Medina IBRAGIMOWA,
Aşgabat şäher Çagalar hassahanasynyň 1-nji bölüminiň lukmany.