Il saglygy — ýurt baýlygy

17 Fewral 2021
769

Keselleriň öňüni almak ugrunda

Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň mejlisler jaýynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda «Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň netijelidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny raýatlara tapgyrlaýyn geçirmek barada guralan wagyz-nesihat çäresine welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.