Arassaçylyk we onuň esasy düzgünleri

17 Fewral 2021
1125

Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky düşünjedir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Ýiti respirator keselleri howa-damja ýollary bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen hem meşgullanmalydyr.

Şirin ESENOWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň lukmany.