Wagyz-ündew çäresi

15 Fewral 2021
889

Howadaky tozan bölejikleriniň zyýanly täsirleriniň hem-de dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri TMÝG-niň Gumdag şäher geňeşiniň guramagynda şäher medeniýet bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen geçirilen çärede edara-kärhanalarda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidigi, köpçülik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamalydygy, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmalydygy ündeldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlaryň, melhem çaýlaryň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Nartäç GANÝOKMAZOWA,
TMÝG-niň Gumdag şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.