"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sag başym — soltan başym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, şeýle-de, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň möhüm bölegidir. Hut şu wezipeler bilen baglylykda hem lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Eger zerur bolsa, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmeli. Şeýle etmek bilen, biz sagdyn jemgyýeti kemala getirip bileris» diýip, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi.

Geljegimiziň şamçyragy

Sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik barada söz açylanda, ilki bilen, bedenterbiýe we sport hereketleri we bu babatdaky alnyp barylýan işler göz öňüňe gelýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Bu babatda alnyp barylýan işler biziň her birimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we ýaşyl Baýdagymyzy ýeňişli pasyrdadyp, döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň direktory Myrat Mollaýewiň ýolbaşçylygynda tälimçileriň we türgenleriň saglygy ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Sport mekdebinde türgenleriň türgenleşik geçýän ýerleri wagtly-wagtynda ýelejiredilýär, üzärlik tütedilýär hem-de arassaçylyk işleri ýerine ýetirilýär. Mekdebiň lukmany Läle Meredowa, şepagat uýasy Gurbangül Gurbanowa tarapyndan türgenleriň beden gyzgynlygyny ölçemek, iki metr aralygy saklamak, hem-de olaryň ellerine zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmek işleri yzygiderli geçirilýär.

Maslahat geçirildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Golaýda şu taryhy waka mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, welaýat iç keselleri hassahanasynyň baş lukmanyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şadurdy Berdiýew, şu hassahananyň lukmany Suraý Meläýewa, Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň lukmany Baýramnazar Aşyrow, Baýramaly şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Gülnar Gurbanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ynsan saglygyny berkitmek we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Baş baýlygym

Ýakynda etrap hassahanasynda TKA-nyň etrap birleşmesi bilen etrap hassahanasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi barada hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata hassahananyň lukmanlary, şepagat uýalary gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda hassahananyň baş lukmany Allamyrat Agaýew, etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baýram Nepesow, hassahananyň iç keselleri bölüminiň müdiri Döwran Durdyýew, hassahananyň lukmany Muhammet Çarlyýew, ginekologiýa bölüminiň müdiri Nury Baýramalyýew çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerlerde durmuşa geçirmek barada giňişleýin çykyş etdiler.

Türkmenistan lukmançylyk kömegini döwrebaplaşdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Ruhubelentlik — rowaçlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem düýpli ösüşler gazanylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary, häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň talaplaryny doly ödeýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalardyr şypahanalar yzygiderli gurlup, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Munuň özi ýurtda adamlar hakdaky aladanyň, olaryň jan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen dabaraly çäreler, köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem muny nobatdaky gezek subut etdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

— Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly. — Daşary çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýany bilen götermegi endik edinen adam bu meseläni aňsatlyk bilen çözer. Olar serişdäni eline çalyp, mikroblardan goranyp biler. Şeýle-de, bu serişdeler bilen ýanyňyzda gündelik göterýän ownuk-uşak goşlaryňyzy (açar, gaýyş torba, awtobusda ulanylýan ýol karty we ş.m.), ykjam telefonyňyzy hem süpürip bilersiňiz!

Welosport — sagdynlyk we ruhubelentlik

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7-nji aprelinde — Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi eziz Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek ugrunda uly alada edýär, bu babatda degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýakynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport, bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýeti jebisleşdirýän ýörelgelere öwrülýär. Häzirki döwürde welosiped sporty jemgyýetimizde giňden ýaýran we söýülýän sport ugruna öwrüldi. Welosipedli ýörişler dünýä döwletleriniň köpüsinde şanly seneler mynasybetli geçirilýän dürli sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan örän ähmiýetli we giňden ýaýran çäreleriň bir görnüşi bolup durýar. Lukmanlar welospo

Saglygyň we ynsanperwerligiň gymmaty

Adamlaryň saglygy we sagdyn nesli terbiýelemek halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.

Sagdynlygyň seresi — sport

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde ähli ugurlarda bolşy ýaly, bedenterbiýe we saglyk ulgamynda-da asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler halkymyzyň saglygyny, ruhy we beden taýdan kämilligini nazarlamak bilen, ýurdumyzyň çäklerinden çykyp, dünýä ähmiýetli wakalara utgaşyp gidýär. Bu aýdylanlaryň durmuşy mysalyna biz ajaýyp zamanamyzyň bezegine öwrülýän buýsançly wakalaryň mysalynda-da şaýat bolýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan, saglygy goraýşyň iň soňky talaplaryna jogap bermäge ukyply hassahanalardyr anyklaýyş merkezleri halkyň saglygynyň goraglylygynyň ajaýyp miweleridir. Berkarar döwletimizde milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gurlup ulanylmaga berlen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýän ajaýyp desgalar bu günki gün dünýä ýaryşlarynda uly netijeleri gazanýan türgenleriň badalga mekdebine öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän sport, sagdyn durmuş bilen baglanyşykly ululy-kiçili çäreleriň ählisiniň gözel Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýändiginiň özi bu wakalaryň halkymyzyň durmuşynda näderejede uly mana eýediginden habar berýär. Geçirilýän medeni çäreler, onuň çäklerinde guralýan bäsleşikler berk bedenliligi ýörelge edinen watandaşlarymyzyň bitewüliginiň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baş

Ýaşaýşyň ýakymy

Ýurdumyzda her ýyl Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz bu halkara baýram mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: «Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belläp geçýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň özüniň gatnaşyp, şahsy görelde görkezmegi jemgyýetimiziň her bir wekiliniň ruhuny göterýär, sporta, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige bolan höwesini ýokarlandyrýar.

Şanly sene mynasybetli

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar, sport çäreleri geçirilýär. Etrabyň Duşak şäherçesindäki keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk duşuşygy hem täsirli çäreleriň biri boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary we etrap hassahanasy bilen bilelikde gurady. Saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda milletiň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ildeşlerimizi bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmäge uly üns gönükdirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ynsan saglygyny goramak babatynda uly alada edilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi hem ildeşlerimiziň saglygy hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr.

Sagdyn raýat — sagdyn döwlet

Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi bellenilýär. Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglygy goraýyş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary hereket edýär. Bu gurulýan we ulanylmaga berilýän sport hem-de bedenterbiýe desgalarynyň, toplumlarynyň her biri iň kämil sport enjamlary bilen üpjün edilýär. Milli sport medeniýetiniň ösmegi Türkmenistanda halkara sport we olimpiýa hereketiniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Bäherden etrabynyň Medeniýet öýünde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň prokuraturasynyň bilelikde guramagynda, «Arkadagyň ak ýolundan öňe barýar bagtly ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep mugallymlarydyr okuwçy ýaşlar, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha rowaçlanýan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalaryny ýaşlara düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda dili senaly ýaşululardyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ýaramaz endikleriň adam saglygyna, nesil terbiýesine ýetirýän täsiri, maşgala mukaddesligi, ýaşlaryň edep-terbiýesi dogrusynda gürrüň etdiler hem-de şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwütlerini aýtdylar.

Unaş

Türkmen unaşy sowuklamadan, dümewden tiz ýagdaýda gutulmagyň emidir. Şonuň üçin hem biri «dümewläpdirin» diýse: «Burçluja unaş iç-de birsalym basyrynyp ýat, derrew açylyp gidersiň» diýýärler. Bu diýilýäni ýoňlanyňy duýanyňdan etseň, başga däri-derman gerek däldir. Unaşyň sowuklama garşy şypa beriji dermandygy barada il içinde şeýle gürrüň hem bar. Gyşyň bir güni ýabyň suwuny kesip, gazy gazylyp, arçalýan eken. şonda oba Lukmanyň ogly türkmen obalarynyň birine barýan eken. Görse, oba barýan ýaby arçap ýören gazyçylar günorta naharyna çykypdyrlar. Özleri-de ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip otyrmyş. Bu ýagdaýy gören ýigit öýlerine gelip, kakasyna şeýle diýýär:

Saglygyň goragy özümize bagly

Saglyk ynsan üçin iň gymmatly baýlykdyr. Çünki adamyň başy agyryp, baldyry syzlap dursa, durmuş bilen-de, iş-alada bilen hem seri bolmaýar. Şonuň üçin janyň sagat, bedeniň berk bolmagy barada her bir adamyň alada etmegi wajypdyr. Sagdyn, berk bedenli bolmak üçin esasy zerurlyklaryň biri-de, hereketde bolmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Bedenterbiýe, bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň ruhubelent, şähdaçyk, maksada okgunly bolýandygyny biziň her birimiz bilýäris. Çünki bedenterbiýe gaýratlylygyň, gözelligiň, syratlylygyň gözbaşydyr. Ol adamdan ýaltalygy, biperwaýlygy aýyrýar. Şonuň üçin biziň her birimiz günde irden turup, beden maşklaryny ýerine ýetirmegi durmuş ýörelgämize ornaşdyrmaly. Sanlyja wagt sarp edilip ýerine ýetirilen irki maşklar bedeniň berkligini, ýüregiň myşsalarynyň, gan basyşyň kadalylygyny üpjün edýär. Agşamlyk nahary iýlenden soň, arassa howada gezelenç etmek iýmitiň oňat siňmegine, gije rahat uklamagyňa oňyn täsir edýär.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu gün her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagy we üstünlikli amala aşyrylmagy, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar.

6 müň ýyl ýaşly hyýar

Hyýar, megerem, biziň saçaklarymyzda iň bir köp ulanylýan gök önümleriň biridir. Onuň işdä açyjy aýratynlygyny hasaba almanyňda-da, saglyk üçin peýdaly taraplary diýseň köpdür. Ony, hatda kosmetiki maksatlarda-da ulanýarlar. Sebäbi ol adamyň derisi üçin iň peýdaly önümleriň biridir. Hyýar galkan görnüşli mäz üçin peýdaly, tutuş bedeni juwanlandyrmakda, saça we dyrnaklara oňyn täsir edýär. Alymlar hyýaryň iýmit hökmünde 6 müň ýyl mundan ozal, Hindistanda, Gimalaý daglarynyň eteklerinde ulanylyp başlanandygyny aýdýarlar. Onuň käbir halklaryň dilinde atlandyrylyşy «bişmedik», «çig» ýaly manylary berýär. Biz, hakykatdan-da, hyýary göklügine, çig görnüşde iýýäris. Ýöne hut bişmedik hyýarda witamin kän bolýar. Ötüşdigiçe hyýar ýokumlarynyň we peýdaly maddalarynyň 30 göterimine çenlisini ýitirýär.

Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy

Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi bilen sportuň welosiped görnüşi eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän we bedenterbiýe hereketine ygrarly bolan ildeşlerimiziň gatnaşmagynda ata Watanymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş giň gerim alýar. «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped söýüjileriň 3 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen okuwyň Welosiped sporty boýunça köpçülikleýin sapak hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi welosportuň ýurdumyzda täze sepgitlere ýetýändiginden habar berýär. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordunyň täzelenmegi hem sportuň bu görnüşiniň halkymyzda uly gyzyklanma eýedigine güwä geçýär. Welosport sportuň beýleki görnüşleri ýaly, adamyň hereketini işjeňleşdirýär, dem alyş, daýanç-hereket ediş ulgamyny berkidýär.