Welosport — sagdynlyk we ruhubelentlik

8 Aprel 2021
940

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7-nji aprelinde — Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi eziz Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek ugrunda uly alada edýär, bu babatda degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýakynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport, bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýeti jebisleşdirýän ýörelgelere öwrülýär. Häzirki döwürde welosiped sporty jemgyýetimizde giňden ýaýran we söýülýän sport ugruna öwrüldi. Welosipedli ýörişler dünýä döwletleriniň köpüsinde şanly seneler mynasybetli geçirilýän dürli sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan örän ähmiýetli we giňden ýaýran çäreleriň bir görnüşi bolup durýar. Lukmanlar welosport bilen meşgullanmagyň, welosipedli gezelençleriň ynsan saglygyna oňyn täsir edýändigini aýdýarlar. Welosiped sürmek bedendäki alyş-çalşy gowulandyrýar, bedeniň umumy kuwwatyny artdyrýar, özüňi has ruhubelent, işjeň, güýçli duýmagyňa täsir edýär.

Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.