Ýaşlar — ýurduň geljegi

8 Aprel 2021
1071

Bäherden etrabynyň Medeniýet öýünde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň prokuraturasynyň bilelikde guramagynda, «Arkadagyň ak ýolundan öňe barýar bagtly ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep mugallymlarydyr okuwçy ýaşlar, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha rowaçlanýan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalaryny ýaşlara düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda dili senaly ýaşululardyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ýaramaz endikleriň adam saglygyna, nesil terbiýesine ýetirýän täsiri, maşgala mukaddesligi, ýaşlaryň edep-terbiýesi dogrusynda gürrüň etdiler hem-de şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwütlerini aýtdylar.

Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.