Baş baýlygym

9 Aprel 2021
906

Ýakynda etrap hassahanasynda TKA-nyň etrap birleşmesi bilen etrap hassahanasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi barada hoşallyk maslahaty geçirildi.

Bu maslahata hassahananyň lukmanlary, şepagat uýalary gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda hassahananyň baş lukmany Allamyrat Agaýew, etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baýram Nepesow, hassahananyň iç keselleri bölüminiň müdiri Döwran Durdyýew, hassahananyň lukmany Muhammet Çarlyýew, ginekologiýa bölüminiň müdiri Nury Baýramalyýew çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerlerde durmuşa geçirmek barada giňişleýin çykyş etdiler.