Sagdynlygyň seresi — sport

8 Aprel 2021
1077

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde ähli ugurlarda bolşy ýaly, bedenterbiýe we saglyk ulgamynda-da asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler halkymyzyň saglygyny, ruhy we beden taýdan kämilligini nazarlamak bilen, ýurdumyzyň çäklerinden çykyp, dünýä ähmiýetli wakalara utgaşyp gidýär. Bu aýdylanlaryň durmuşy mysalyna biz ajaýyp zamanamyzyň bezegine öwrülýän buýsançly wakalaryň mysalynda-da şaýat bolýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan, saglygy goraýşyň iň soňky talaplaryna jogap bermäge ukyply hassahanalardyr anyklaýyş merkezleri halkyň saglygynyň goraglylygynyň ajaýyp miweleridir. Berkarar döwletimizde milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gurlup ulanylmaga berlen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýän ajaýyp desgalar bu günki gün dünýä ýaryşlarynda uly netijeleri gazanýan türgenleriň badalga mekdebine öwrüldi.

Ýurdumyzda geçirilýän sport, sagdyn durmuş bilen baglanyşykly ululy-kiçili çäreleriň ählisiniň gözel Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýändiginiň özi bu wakalaryň halkymyzyň durmuşynda näderejede uly mana eýediginden habar berýär. Geçirilýän medeni çäreler, onuň çäklerinde guralýan bäsleşikler berk bedenliligi ýörelge edinen watandaşlarymyzyň bitewüliginiň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Tutuş dünýä ýüzüniň ýurtlary tarapyndan giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni ýylyň-ýylyna gözel Diýarymyzy uly baýramçylyk meýdanyna öwürýär. Muňa şu ýylda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişinde-de şaýat bolduk. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän syýasatynyň uly goldawa mynasyp bolýandygyny görkezýär.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.