Ýaşaýşyň ýakymy

8 Aprel 2021
1020

Ýurdumyzda her ýyl Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz bu halkara baýram mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: «Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belläp geçýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň özüniň gatnaşyp, şahsy görelde görkezmegi jemgyýetimiziň her bir wekiliniň ruhuny göterýär, sporta, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige bolan höwesini ýokarlandyrýar.

Gunça MYRADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň maslahatçysy.