Maslahat geçirildi

9 Aprel 2021
782

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Golaýda şu taryhy waka mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, welaýat iç keselleri hassahanasynyň baş lukmanyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şadurdy Berdiýew, şu hassahananyň lukmany Suraý Meläýewa, Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň lukmany Baýramnazar Aşyrow, Baýramaly şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Gülnar Gurbanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ynsan saglygyny berkitmek we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.