Ruhubelentlik — rowaçlyk

9 Aprel 2021
962

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem düýpli ösüşler gazanylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary, häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň talaplaryny doly ödeýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalardyr şypahanalar yzygiderli gurlup, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Munuň özi ýurtda adamlar hakdaky aladanyň, olaryň jan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen dabaraly çäreler, köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem muny nobatdaky gezek subut etdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy.

Mähri DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.