6 müň ýyl ýaşly hyýar

8 Aprel 2021
927

Hyýar, megerem, biziň saçaklarymyzda iň bir köp ulanylýan gök önümleriň biridir. Onuň işdä açyjy aýratynlygyny hasaba almanyňda-da, saglyk üçin peýdaly taraplary diýseň köpdür. Ony, hatda kosmetiki maksatlarda-da ulanýarlar. Sebäbi ol adamyň derisi üçin iň peýdaly önümleriň biridir. Hyýar galkan görnüşli mäz üçin peýdaly, tutuş bedeni juwanlandyrmakda, saça we dyrnaklara oňyn täsir edýär.

Alymlar hyýaryň iýmit hökmünde 6 müň ýyl mundan ozal, Hindistanda, Gimalaý daglarynyň eteklerinde ulanylyp başlanandygyny aýdýarlar. Onuň käbir halklaryň dilinde atlandyrylyşy «bişmedik», «çig» ýaly manylary berýär. Biz, hakykatdan-da, hyýary göklügine, çig görnüşde iýýäris. Ýöne hut bişmedik hyýarda witamin kän bolýar. Ötüşdigiçe hyýar ýokumlarynyň we peýdaly maddalarynyň 30 göterimine çenlisini ýitirýär.

Taýýarlan Aýmaral GURBANMYRADOWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.