"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Tunisiň uly hasaply ýeňşi

Af­ri­ka zo­la­gyn­da-da 10 to­par­ça­da­ky 1–2-nji du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Tu­nis, Ni­ge­ri­ýa, Li­wi­ýa hem-de Se­ne­ga­lyň ýy­gyn­dy­la­ry iki oýun­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tap­gy­ryň iň uly ha­sap­ly ýeň­şi­ni Al­žir ga­za­nyp, olar öz meý­dan­ça­syn­da Ji­bu­ti­ni 8–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «A»: Ni­ger–Bur­ki­no Fa­so: 0-2, Al­žir–Ji­bu­ti: 8-0; Ji­bu­ti–Ni­ger: 2-4, Bur­ki­no Fa­so–Al­žir: 1-1

Eýranyň ýygyndysy şowly başlady

Azi­ýa zo­la­gyn­da 3-nji tap­gy­ryň to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji 2 du­şu­şy­gy oý­nal­dy. «A» to­par­ça­da Eý­ran il­ki Si­ri­ýa­ny Ja­han­bah­şyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0, soň­ra-da myh­man­çy­lyk­da Yra­gy Ja­han­bah­şyň, Ta­re­mi­niň hem-de Go­li­za­de­hiň gol­la­ry bi­len 3–0 ýeň­di. Yrak bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan Gü­nor­ta Ko­re­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Li­wan­dan Kwon Çang-Hoo­nuň go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «B» to­par­ça­da esa­sy da­laş­gär­ler­den Ýa­po­ni­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Oman­dan 1–0 as­gyn gel­di. Myh­man­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 88-nji mi­nut­da Al-Sab­hi der­we­zä gi­riz­di. Ýa­pon­lar ikin­ji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy­ny şol ha­sap bi­len ýeň­me­gi başar­dy. Hy­ta­ýy 3–0 ýe­ňen Awst­ra­li­ýa myh­man­çy­lyk­da Wýet­na­my-da 1–0 utup, iki tap­gy­ry ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Edil şo­nuň ýa­ly, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýy­gyn­dy­sy-da Wýet­na­my 3–1 ýe­ňen­den soň, myh­man­çy­lyk­da Oma­ny 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.

Meksika birinji orunda

De­mir­ga­zyk we Mer­ke­zi Ame­ri­ka hem-de Ka­rib­ler zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len 12 du­şu­şy­gyň 7-si deň­lik­de ta­mam­la­nyp, ola­ryň üçü­sin­de ha­sap açyl­ma­dy. Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy il­ki Ýa­maý­ka­ny 2–1 (We­ga 50, Mar­tin 89 — Ni­kol­son 65), soň­ra Kos­ta Ri­ka­ny 1–0 (Pi­ne­da 45+1 p) ha­sa­byn­da ýeň­di. Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji du­şu­şy­gyn­da Pa­na­ma bi­len 1–1 deň­me-deň oý­na­dy. Gon­du­ra­sy 4–1 ýe­ňen ABŞ il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Üç du­şu­şyk­dan soň 7 utuk­ly Mek­si­ka bi­rin­ji orun­da bar­ýar. Ka­na­da—Gon­du­ras: 1–1, Pa­na­ma—Kos­ta Ri­ka: 0–0, Mek­si­ka—Ýa­maý­ka: 2–1, Sal­wa­dor—ABŞ: 0–0

Braziliýa ýeňlişsiz barýar

Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da Bra­zi­li­ýa myh­man­çy­lyk­da Çi­li­ni Ri­bei­ro­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­di. Ar­gen­ti­na-da We­ne­sue­la­dan 3-1 üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da ar­gen­tin­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Lau­ta­ra Mar­ti­nes, Hoa­kin Kor­rea hem-de An­hel Kor­rea öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. Bra­zi­li­ýa bi­len Ar­gen­ti­na­nyň ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­çy­lyk­da to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň 4-si­niň pan­de­mi­ýa düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­män­di­gi na­zar­da tu­tu­lyp, du­şu­şyk baş­la­nyn­dan 5 mi­nut soň ýa­ty­ryl­dy. Oý­nuň yk­ba­ly­ny FI­FA kes­git­lär. Urug­waý Pe­ru bi­len deň­me-deň oý­na­nyn­dan soň, öz meý­dan­ça­syn­da Bo­li­wi­ýa­ny 4-2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­lar­da De Ar­ras­kae­ta 3 gol ge­çir­di. To­par­ça­lar­da­ky 9-njy du­şu­şyk­lar şu gün oý­na­lar.  

Öz ýur­dun­da ýe­ňiş ga­zan­dy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy Ni­der­land­la­ryň de­ňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Zand­woort şä­he­rin­de ge­çi­ri­ldi. Bu ýa­ryş­da il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si 35 ýyl­dan soň bu ýurt­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 27 aý­la­wy 1 sa­gat 30 mi­nut 05,395 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 17-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýe­ňi­ji­den 20,932 se­kunt yza ga­lan bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton («Mercedes») ýa­ry­şy 2-nji orun­da ta­mam­la­dy. Onuň to­par­da­şy finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňi­ji­den 56,460 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­lip, mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. 13-nji bäs­le­şik­den soň Maks Wers­tap­pen tä­ze­den sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­na çyk­dy. Ol 224,5 utuk bi­len bi­rin­ji bas­gan­çak­da bar­ýar. On­dan 3 utu­gy kem Ha­mil­ton 2-nji, 123 utuk­ly Bot­tas 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär.

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan soň Dün­ýä re­kor­dy

Sent­ýabr aýy­nyň il­kin­ji 10 gü­nün­de Ka­tar 2022 Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry äh­li zo­lak­lar­da ge­çi­ril­di. Ýew­ro­pa zo­la­gyn­da «A» to­par­ça­da Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň 2 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­sy di­ýen re­kor­dy go­ýan du­şu­şy­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Ir­lan­di­ýa­ny 2–1 utup­dy. Por­tu­gal­lar Azer­baý­jan­dan hem Ber­nar­do Sil­wa, And­re Sil­wa we Dio­go Žo­to­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 üs­tün çy­kyp, li­der­li­gi­ni do­wam et­dir­di.

Ital­ýan­la­ryň üçün­ji çem­pi­on­ly­gy

Wo­leý­bol bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len 32-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Yk­ly­myň 4 ýur­dun­da gu­ra­lan çem­pio­na­tyň fi­na­ly Ser­bi­ýa­nyň paý­tag­ty Belg­rad­da oý­nal­dy. Fi­nal­da ýer eýe­le­ri bi­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy du­şu­şyp, çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 1-nji se­tin­de ital­ýan­lar 26:24 öňe saý­lan­dy. 2-nji set­de 25:22 ýe­ňiş ga­za­nan serb­ler ha­sa­by deň­le­di. Ýö­ne 3-nji, esa­san hem 4-nji set­de has er­jel oýun gör­ke­zen ital­ýan­lar 25:19 we 25:11 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, ta­ryh­da 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Ita­li­ýa­nyň ze­nan­lar ýy­gyn­dy­sy mun­dan ozal 2007-nji we 2009-njy ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Ital­ýan­lar çem­pi­on­lyk ga­zan­mak­da je­mi 19 çem­pi­on­ly­gy (13-si ozal­ky SSSR-e de­giş­li) bo­lan Rus­si­ýa­dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar­lar. Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýeňijisi Ser­bi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek fi­nal­da as­gyn gel­di. Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy Pol­şa­nyň ýy­gyn­dy­syn­y 25:20, 25:19, 25:23 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.

XVI to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

To­kio 2020 XVI to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. 162 ýurt­dan 4403 tür­ge­niň gat­na­şan Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ryn­da me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da hy­taý­ly tür­gen­ler bi­rin­ji or­ny eýe­le­di­ler. Olar 96 al­tyn me­dal ga­za­nyp, ikin­ji ýer­dä­ki 41 al­tyn me­dal­ly bri­tan­lar­dan ep-es­li öňe saý­lan­dy­lar. Hy­taý­ly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar 96 al­tyn, 60 kü­müş, 51 bü­rünç, je­mi 207 me­dal ga­zan­dy­lar. 2-nji orun­da­ky Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň pa­ra­lim­pi­ýa­çy­la­ry 41 al­tyn, 38 kü­müş, 45 bü­rünç, je­mi 124 me­dal al­ma­gy ba­şar­dy­lar. ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy 37 al­tyn, 36 kü­müş, 31 bü­rünç, je­mi 108 me­dal bi­len sa­naw­da 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Rus­si­ýa­ly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar hem ýo­kar­da ady ag­za­lan 3 ýur­duň we­kil­le­ri ýa­ly umu­my­lyk­da 100-den köp me­dal ga­zan­dy. Olar 36 al­tyn, 33 kü­müş, 49 bü­rünç, je­mi 118 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýer eýe­le­ri ýa­pon­lar 13 al­tyn, 15 kü­müş, 23 bü­rünç, je­mi 51 me­dal ga­za­nyp, XVI to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­ny 11-nji orunda ta­mam­la­dy­lar. Je­mi 86 ýur­duň tür­ge­ni me­dal ga­za­nyp, ola­ryň 62-si azyn­dan 1 al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Kos­ta Ri­ka, Ek­wa­dor, Sal­wa­dor, Ga­ra­dag hem-de Oman döw­let­le­ri­niň tür­gen­le­ri Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Küşt dünýäsine syýahat

Döwrebap mekdep Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde — Gurbannazar Ezizow köçesinde ýerleşýän Küşt we şaşka mekdebi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2014-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan bu mekdebe alty ýaşdan başlap, islendik ýaşdaky çagalar, ýaşlar we ýetginjekler gatnap, küşt oýnamagyň inçe syrlaryny öwrenýärler.

Ekologiýa, saglyk we welosport

Geçen ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda we bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Dynç güni hormatly Prezidentimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni döredildi. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär. Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap ýapyk welotregiň gurulmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşine eýerýänleriň sanynyň ep-esli artmagyny şertlendirdi. Geçen ýyl hormatly Prezidentimize gowşurylan Welosipedçileriň halkar

Sagdynlyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Mähriban halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara görelde görkezýär. Milli Liderimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň gözegelüwli binalaryny synlady. Şu ýyl özüniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny bellän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol Aziýanyň merjen dänesine deňelýär.

Türkmenistan Ýewraziýanyň futbol kartasynda

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Kafanow we derwezeçiler

Rimde taýýarlanan palaw

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Birnäçe gün mundan ozal 2021-nji ýylyň transfer möwsümi tamamlandy. Hämmämiziň bilşimiz ýaly, garaşylmadyk transferlere baý bolan bu tomus futbol janköýerleri üçin diýseň gyzykly geçdi. Futbol dünýäsiniň ägirtleri Messidir Ronaldonyň bir möwsümde toparyny çalşyp biljekdigi, kimiň aklyna-oýuna gelsin. Transfer täzeliklerini sanasaň sogaby bar. Emma biziň bu günki söhbetimiz Italiýada çykyş edýän özbegistanly oýunçy Eldor Şomurodow barada. Meşhur tälimçi Žoze Mourinýonyň tälimçilik edýän «Roma» toparyna geçen bu hüjümçi eýýäm toparyň ýolbaşçylarynyň hem, janköýerleriň hem söýgüsini gazandy. Onuň täze topary bilen şertnama baglaşmagy mynasybetli, tälimçisini söýgüli milli tagamyna — palawa çagyrmagy futbol dünýäsinde hem milli medeniýete goýulýan sarpadan nyşandyr.

Öňdebaryjy ligalaryň oýunçylary

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Sport bilermeni Hajymyrat Söýünow «Sowal-jogap» atly mowzuk bilen taýýarlaýan bölümimizde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda çykyş eden oýunçylar hakynda gürrüň berýär.

Agyr ýüki — abraýy

Bilegi zor gyz Bu — ýöne-möne ýeňiş däl.

Ýaşaýşyň altyn sakasy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe adam we onuň saglygy baradaky alada baş maksadymyz hökmünde ileri tutulýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara giňişligindäki ornuny günsaýyn pugtalandyrýar, bedenteriýe-sagaldyş hereketi hil taýdan täze, ýokary derejelere galýar. Güneşli Diýarymyzda saglygy gorap saklamagyň we berkitmegiň esasy ýollaryny wagyz etmäge, dürli ýaşdaky adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Işjeň ýaşaýyş-durmuş kadalaryny, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşi goldamak halkymyzyň zandynda bardyr. Biziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini dowam etdirmekde, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny rejeli we netijeli geçirmeklerini gazanmakda, şeýle-de olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda milli saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim işi milli tejribäni netijeli ulanmak bilen birlikde, dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge gönükdirilýär. Bu babatda Diýarymyz dünýäniň köp döwletleri hem-de halkara federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Amala aşyrylýan bu işler ýaşlarymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna, sagdyn ösüp, jemgyýetimizde mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimizde sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalarynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşypdy. Täze binada talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek, türgenleşik, okuw işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin döwrebap şertler üpjün edilendir. Köpugurly sport toplumynda okuw we kompýuter otaglary bilen birlikde sportuň oýun görnüşleri üçin, basketbol, tennis, futzal we woleýbol meýdançalaryndan we türgenleşik zallaryndan ybarat bolan 1600 orunlyk sport toplumy bar. Şeýle-de, dzýudo, boks, grek-rim göreşi, erkin göreş, karate, taekwondo, gylyçlaşmak görnüşleri üçin okuw-türgenleşik zallary ýerleşýär.

Talyp türgenlerimiziň üstünligi

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň talyby Polina Gurýewanyň 59 kg-de üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolmagy ildeşlerimizi buýsandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly türkmen sporty üçinem iň bir düşümli ýyllaryň biri boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Ýylyň başynda başga bir talybymyz, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy. Ýurdumyzyň sport taryhyndaky ilkinji zenan çempionymyzy Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň mübäreklän pursatlary hemmeleriň gözüniň öňündedir. Aprel aýynda bolsa türkmenistanly agyr atletikaçylar Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ine, Olimpiýa oýunlarynda bolsa Polina Gurýewa ähli watandaşlarymyzy taryhymyzdaky ilkinji olimpiýa medaly bilen begendirdi. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň üstünlikleriniň ýyl ýazgysyna iň möhüm seneleriň biri hökmünde girdi.

Beýik döwrüň bagtyýar ýaşlary

Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşiniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär. Bu bolsa saýlan ugry boýunça ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp ýokary netijelere eýe bolýan türkmen türgenleriniň sany artýar. Ýaşlar dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanyp, Watanymyzyň Baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň sport abraýyny goraýarlar. Şolaryň biri hem ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek olimpiýa medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewadyr. Bäsleşikde onuň gazanan bu uly üstünligi Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişliginde ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi.