Sport — ýaşaýşyň gözelligi

6 Sentýabr 2021
1280

Dynç güni hormatly Prezidentimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara görelde görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, ýurtlary we halklary birleşdirýän täze baýramçylyk — Bütindünýä welosiped güni döredildi. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär. Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap ýapyk welotregiň gurulmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped sportunyň girizilmegi, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşine eýerýänleriň sanynyň ep-esli artmagyny şertlendirdi. Geçen ýyl hormatly Prezidentimize gowşurylan Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UСI) ýokary sylagy döwlet Baştutanymyzyň welosiped sportuny wagyz etmek hem-de ony halkara derejä çykarmak boýunça bitiren hyzmatlarynyň, şeýle-de ägirt uly tagallalarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy.

"Nesil".