Öz ýur­dun­da ýe­ňiş ga­zan­dy

9 Sentýabr 2021
991

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy Ni­der­land­la­ryň de­ňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Zand­woort şä­he­rin­de ge­çi­ri­ldi. Bu ýa­ryş­da il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si 35 ýyl­dan soň bu ýurt­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 27 aý­la­wy 1 sa­gat 30 mi­nut 05,395 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 17-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýe­ňi­ji­den 20,932 se­kunt yza ga­lan bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton («Mercedes») ýa­ry­şy 2-nji orun­da ta­mam­la­dy. Onuň to­par­da­şy finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňi­ji­den 56,460 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­lip, mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy.

13-nji bäs­le­şik­den soň Maks Wers­tap­pen tä­ze­den sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­na çyk­dy. Ol 224,5 utuk bi­len bi­rin­ji bas­gan­çak­da bar­ýar. On­dan 3 utu­gy kem Ha­mil­ton 2-nji, 123 utuk­ly Bot­tas 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär.