Sagdynlyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

6 Sentýabr 2021
882

Mähriban halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara görelde görkezýär.

Milli Liderimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň gözegelüwli binalaryny synlady. Şu ýyl özüniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny bellän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol Aziýanyň merjen dänesine deňelýär.

«Aşgabat».