Ekologiýa, saglyk we welosport

8 Sentýabr 2021
970

Geçen ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady.

Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda we bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

«Esger».